Kerkiniň ýaşaýjylary ýagyş suwlaryndan zyýan çekdi

Kerkiniň ýaşaýjylary ýagyş suwlaryndan zyýan çekdi

Lebap welaýatynyň Kerki şäheri ýagyş suwlaryndan zyýan çekdi. 20-nji martda ýagan güýçli ýagyş şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasyna zyýan ýetirdi. Jaýlaryň howlularyny uly adamyň dyzyna çenli ýetýän suw basdy.

Ýaşaýjylar ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna alyp çykarmaly aryklaryň ýyllarboýy arassalanmaýandygyny aýdyp, ýerli häkimiýetlere nägilelik bildirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy martda sebitden maglumat berdi.

“Kerkiniň Köne şäher’ diýilýän ýerindäki birnäçe köçede 30 töweregi jaýyň howlusyny suw basyp, olaryň fundamentleriniň aşagynda ýagyş suwlary bilen garyşan hapa suwlar üýşdi” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjy tarapyndan Azatlyga iberilen suratda jaýlaryň howlusyny uly adamlaryň dyzyna çenli ýetýän suwuň basandygyny görse bolýar. Redaksiýa ýaşaýjynyň haýyşy boýunça, howpsuzlyk aladalary sebäpli, suraty çap etmekden saklanýar.

"20-nji martda gijesi sebit ýaşaýjylarynyň köpüsi, güýçli ýagyş zerarly gelen sil suwlarynyň akyp gitmegi üçin, pil bilen aryklaryň hapadan dykylan ýerlerini arassalady" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjylar şäher administrasiýasynyň ýagyş suwlaryna garşy ilata hiç hili kömek berip bilmändigini, tehnikalaryň iberilmändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, olar ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna alyp çykarmaly aryklaryň ýyllarboýy arassalanmaýandygyny aýdyp, jaýlaryň howlularyny we köçeleri ýagyş suwlarynyň basmagy bilen bagly ýerli häkimiýetleri aýyplaýarlar.

“Aryklar hapa, dürli zibilden, gumdan dykylan. Bu aryklaryň ýerleşýän köçeleriniň arasynda Berdi Kerbabaýew, polisiýanyň we bankyň edarasynyň ýerleşýän köçelerini aýdyp bolar. Olaryň arassaçylygyna şäher häkimligi jogapkär bolsa-da, häkimlik wekilleri bu zatlary görmezlige salýarlar. Ýaşaýjylar nirä arz, şikaýat etjekdiklerini bilmeýärler. Olar alaçsyz, meseläniň ýokardan çözülmegine garaşýarlar” diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy anonim şertde habar berdi.

Ol jaýlaryň howlularyny ýagyş, sil suwlarynyň basmagy bilen bagly ýagdaýyň her ýylyň bahar we güýz pasyllarynda gaýtalanýandygyny, munuň bilen bagly indi köp ýaşaýyş jaýynyň tehniki guratlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny hem belleýär.

“Onlarça ýaşaýyş jaýynyň fundamentiniň aşagyny suw basan. Jaýlaryň diwarlarynda çatryklar emele gelen” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüne goşdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Kerkiniň we Lebabyň häkimliklerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýurtda sil suwlarynyň gelmegi bilen bagly ýagdaý, ýakynda Balkan welaýatynda hem bolup geçdi.

19-21-nji mart aralygynda üç gün dowam eden dag silleri, ýagyşlar welaýatyň Bereket we Gyzylarbat etraplarynyň käbir obalarynda ýaşaýyş jaýlaryna, ekerançylyk meýdanlaryna, şol sanda ýaňy bir ekişine girişilen gowaça meýdanlaryna zyýan ýetirdi.

Bellesek, Türkmenistanyň käbir sebitlerinde 19-21-nji mart aralygynda adatdan daşary howa şertleri bolup geçdi. Lebapda 19-20-nji martda güýçli tozanly ýel turdy.

Bu wakalar, Günbatar Aziýadan gelýän işjeň harasadyň 19-20-nji martda Türkmenistanyň çäginden geçjekdigi baradaky habarlar bilen utgaşdy.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 17-nji martda çap eden habarynda munuň 19-21-nji mart aralygynda Türkmenistanda amatsyz howa şertlerini döretjekdigini aýtdy.

“Temperaturanyň birden üýtgemegine, ýagşyň ýagmagyna, käte güýçli ýyldyrym çakmagyna, ýeliň we tozan tupanlarynyň köpelmegine garaşylýar. ...Lebap welaýatynda tizligi sekuntda 13-18 metre çenli ýetýän ýel we tozanly tupan turar” diýip, neşir belläpdi.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda boljak adatdan daşary howa şertleri we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada ne öňünde, ne-de yz ýanyndan maglumat berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy
Akyldaryň okan mekdebi
Aşgabatda Magtymguly operasynyň görkezilişi boldy
“Milli medeniýetim göwün ganatym”
“Türkmen halysy asyrlaryň owazy”
“Bu gün goşa baýram toýlaýar diýar”