Kitap paýhas dünýäsi

Kitap paýhas dünýäsi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda mekdebiň mejlisler zalynda Kitap paýhas dünýäsi atly Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitaby esasynda aýdym-sazly gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitabynyň Ýaşlar bilen geljegimizi gurýarys atly bölüminden sesli okap berildi.

Aýdym-sazly gürrüňdeşlikde mugallymlar, kitaphanaçylar ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler, Watanymyzda ýaşlar üçin edilýän aladalar, sport ulgamynda, bilim ulgamynda, medeniýet ulgamynda umuman nurana geljegimize uly ynam bildirilýän ýaşlar dogrusynda gürrüň etdiler. Çäräniň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň Şowhun hor topary, Owaz skripkaçylar topary, Mukam dutarçylar toparlarynyň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çärä gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda geljegimiz bolan ýaşlar üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Nowruz tebigatyň hem baharyň baýramy!
Bagtyýar ýurdumyza - Nowruz geldi, ýaz geldi
Magtymguly Pyragy şygryýetiň çyragy
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Behişdi bedewlerimize belent sarpa
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler