Nowruz tebigatyň hem baharyň baýramy!

Nowruz tebigatyň hem baharyň baýramy!

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň Milli Bahar baýramy mynasybetli Nowruz tebigatyň hem baharyň baýramy atly baýramçylyk konserti geçirildi.

Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, Nowruz özüniň gelmegi bilen adamlaryň bahardaky şatlygyny goşalandyrýar.Täze günüň gelmegini, täzelenişiň başlanmagyny aňladýan Nowruzy türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlyk bilen garşylapdyrlar.

Nowruz günlerinde saçaklar hemişekilerinden has giňden ýazylyp dürli-dümen tagamlar goýulypdyr.Semeni bişirip dogan-garyndaşlara, goňşulara paýlamak bolsa däp bolup galypdyr.Munuň özi adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam beripdir.

Nowruza diňe bir tebigat durmuşynyň täzelenişiniň nyşany hökmünde däl-de, eýsem goňşuçylyk aragatnaşyklarynyň rowaçlanmagynyň baýramy hökmünde hem garalypdyr we ol häzir hem şeýle bolmagynda galýar. Ýaz paslynyň ilkinji aýlarynda ýurdumyzda Milli bahar baýramy bellenilip geçilýär.

Ine şol mynasybetli 7-nji çagalar sungat mekdebinde hem baýramçylyk dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi.Baýramçylyk konsertimizde mekdebimiziň Şowhun hor topary, Owaz skripkaçylar topary, Mukam dutarçylar toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hem-de nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň bahar paslynyň gözelliklerini wasp edip çeken suratlary baýramçylygyň şowhunyny hasda artdyrdy.

Türkmen halkynyň milli baýramlaryny giňden bellemäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw edildi.

Ýene degişli makalalar

Bagtyýar ýurdumyza - Nowruz geldi, ýaz geldi
Kitap paýhas dünýäsi
Daşoguzda Wiwaldiniň sazlarynyň konserti geçirildi
Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi, Turkmenportal TSTB-2022 sergisine gatnaşar, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki täzelikler
Aýdymçy Begenç Çaryýew Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021 diýen ada mynasyp boldy
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap geçirilen dabara