Gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy: Kollagen…
Kollagen, aslyna seredilende bedenimiziň özenidir. Umuman deriniň sagdynlygy bilen bilelikde ady agzalýan kollagen bedenimiz üçin esasy konstruktiw we funksional taýdan gerek bolan belogyň görnüşlerinden biridir.
Ady, grek dilinde ýelim manysyny aňladýan “kolla” sözünden gelip çykýar. Sebäbi ýelim ýaly dokumalary birlikde tutmagy üpjün edýär. Esasy funksiýasy baglanşdyryjy dokumany güýçlendirmek we bedeniň bitewiligini goramaklykdan ybaratdyr. Bedenimizde kollagen bolmadyk bolsady, bedenimiziň agzalary bitewi bolmazdy. Bedenimiziň baglanşdyryjy dokumasynyň 80 göterime barabaryny emele getirýän kollageniň esasy funksiýasy derini güýçlendirip, oňa maýyşgaklyk döredip, deriniň gurluşyny emele getirýän tor döretmekdir.
Funksiýasy baglanşdyryjy dokumany güýçledirmek, derä çydamlylyk, ýygylyk we maýyşgaklyk gazandyrmaklykdyr. Bedendäki beloklaryň üçden birini emele getirýän kollagen, diňe bir deride däl, eýsem; baglanşdyryjy dokumada, tendon-bogun, damarlaryň diwarlaryny, göz, diş, saç, dyrnak we süňkler bilen bilelikde bütin bedimiziň dokumalarynda we organlarynda bardyr. Ol bedeniň konstruktiw bitewiligini üpjün edýär.
Kollagen ýetmezligi namedir?
Kollageniň azalmagyna sebäp bolýan faktorlar:
Uzak möhletiň dowamynda günüň şöhlesine sezewar bolmak,
Zehin we fiziki taýdan stresse baglylykda bedeniň bölüp çykarýan kortizol mukdarynyň artmagy,
Kadasyz iýmitlenmek we belogyň ýeterlik mukdarda sarp edilmezligi,
Toksinlere sezewar bolmak ( daşky gurşawyň hapalygy, kosmetikadan aşa köp peýdalanmak we şm.),
Ukynyň kadasyzlygy we ýeterlik uklamazlyk,
Bedenimizdäki erkin radikallaryň mukdarynyň artmagy netijesinde hroniki iriňleme,
Süýjiniň we işlenen uglewodlaryň aşa köp sarp edilmegi,
Çilim çekmek, algolly içgileri içmeklik,
Menopoz,
Bedende witaminiň we minerallaryň siňdirilmegini agyrlaşdyrýan käbir lukmançylyk bejergilerdir.
Kollageniň azlygy nähili ýüze çykýar?
Kollageniň azlygynyň netijeleri esasan derimizde görülýär. Kollagen azlygy baglanşdyryjy dokumalara, bogunlara we kekirdewük bilen deriniň görnüşine ýaramaz täris ýetirýär. Derimiz dykyzlygyny ýitirmäge başlaýar, reňki tutuklaşýar we ýygyrtlar artýar.
Deriniň çyglylyk balansynyň bozulmagy, deri guraklygy, deriniň süýnmegi, deriniň ýygyrtlanmasy, deride renk densizliği, kesilen ýa-da ýaralanan halatynda onuň gowulanma möhletiniň uzamagy, deriniň reňkiniň solmagy, gözüň gyrasynda ýygyrtlaryň emele gelmegi we gözüň daşynyň çukurlaşmasy hem-de gögerme ýaly näsazlyklar ýüze çykyp bilýär.
Şeýle hem bedende ýüze çykýan gögermeler, selýulit görnüşi we diş etiniň ganamasy kollagen azlygynyň netijesinde ýüze çykýar.
Kollagen nämeleriň düzüminde bar?
Kollagen sinteziniň ýüze çykmagy üçin düzüminde belok we ter gök-miwe önümleri bolan berhiz tutmaklyk möhüm. Belok hökmünde; malyň eti, towuk, ýumurtga, süýt önümleri we iýmişler maslahat berilýär.
Ter gök we miwe önümleri sarp etmek, antioksidentiň sarp edilişini artdyryp, kollageniň ýitgisini azaldýandygy üçin hem onuň mukdaryna oňyn goşant goşar.
Witamin J, kollageniň işlenip çykarylyşyny artdyrmak üçin peýdalydyr. Witamin J sitrus önümlerinde, pomidorda, burçda, gök ýaprakly ösümliklerde ýokary mukdarda bardyr.
Sink we mis hem kollageniň işlenip çykarylmagy taýdan peýdalydyr. Mis we sink üçin gabykly iýmişler, galla önümleri wa fasol sarp edilmeli.
Kollageniň işlenip çykarylmagyny ýokarlandyrmak üçin süňki ýiligi peýdalydyr.
Kollageniň zyýanly taraplary we üns berilmeli hususlar
Kollageni artykmaç sarp etmek şol bir wagtda-da gandaky holesteriniň mukdaryny artdyryp, ýürek-damar keselleriniň öňüniň alynmagyna ýa-da onuň bejergisine ýaramaz täsir ýetirýär. Esasanda suw önümlerine, mal we towuk etine allergiýasy bolanlar bilen süýji kesellileri ýaramaz täsirler boýunça ünsli çemeleşmeli.
Göwreli ýa-da çaga emdirýän eneleriň, çagalaryň sarp etmegi maslahat berilmeýär.
Goşmaça kollagen sarp etmeklik täze tejribe bolany üçin, kadaly doza aralygynyň we onuň täsiriniň öwrenilmeli möhüm bolup durýar.
Goşmaça kollagenler käbir adamlarda aşgaza agyrysyna, içgeçmä we agyzda ýaramaz tagamyň emele gelmegine sebäp bolup bilýär.
