Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary göni ýaýlymda gutlady

Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary göni ýaýlymda gutlady

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Watan habarlar gepleşiginde görkezilişi ýaly, mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň Gahrymany, Russiýa Federasiýasynyň Roskosmos döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkonyň Älem giňişliginde öz uçuşyny amala aşyrýandygyny belläp, onuň türkmen halkyna gutlagyny göni ýaýlymda beýan etjekdigini aýtdy.

Soňra göni ýaýlym arkaly Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle-de mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri umumymilli forumyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bilen gutlady.

Oleg Kononenko çykyşynyň dowamynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurduň ykdysady durmuşynda uly orun eýeleýändigini, Açyk gapylar syýasatynyň amala aşyrylmagyna, parlament diplomatiýasy arkaly ýurduň halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.

Kosmonawt şeýle-de Türkmenistanda doglan we ömrüni kosmonawtika bagyşlan adam hökmünde Watanynyň kosmos ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň aýratyn buýsanç döredýändigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu ugra ýeterlik derejede üns berjekdigine ynam bildirdi.

Tälimçi-kosmonawt synagçy umumymilli foruma gatnaşyjylara kosmosdan salam ýollap hem-de netijeli işlemeklerini arzuw edip, mejlisiň täze taryhy çözgütlere beslenjekdigine ynam bildirdi.

Oleg Kononenko Türkmenistana abadançylyk arzuw edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmenistanly watandaşlaryny ýene-de bir gezek bu taryhy waka bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli gutlady
Kosmonawtika güni bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenko gutlag iberdi
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY