Konor Makgregoryň Dastin Porýe bilen üçünji söweşi resmi taýdan tassyklandy

Konor Makgregoryň Dastin Porýe bilen üçünji söweşi resmi taýdan tassyklandy

Konor Makgregor bilen Dastin Porýe 2021-nji ýylyň 10-njy iýulynda Las Wegasdaky T-Mobile Arena-da geçiriljek UFC 264 turnirinde üçünji gezek söweşerler. 20 müň tomaşaçynyň öňünde geçiriljek söweş UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt tarapyndan tassyklandy, anons bolsa UFC-niň resmi Twitterinde ýerleşdirildi diýip, sm.news habar berýär.

Makgregor bilen Porýe birinji gezek 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda UFC 178 turnirinde duşuşdylar.Konor birinji raundda Dastini ýeňdi. Şu ýylyň ýanwarynda olar rewanş duşuşygyny geçirdiler we Porýe ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazandy.

Söweşden soň Makgregor bilen Porýe hasabyň 1:1-digi üçin ýene duşuşjakdyklaryny aýtdylar.Porýe Makgregor bilen duşuşmak üçin hatda ýeňil agramda titul söweşinden hem ýüz öwürdi. Ýatlap geçsek, geçen dynç güni sosial ulgamda söweşijileriň arasynda Makgregoryň Porýeniň haýyr-sahawat gaznasyna pul bagyş etmegi bilen bagly dawa ýüze çykdy.

Makgregor Porýeniň gaznasyna 500 müň dollar bermegi wada beripdi, ýöne häzire çenli muny amal etmedi.Soň Makgregor söweşiň ýatyrylandygyny habar berdi we oktagonda başga biri bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Porýe Okey diýip ýazmak bilen, onuň gelen netijesini kabul edýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!