Konserwatoriýada Sazyň taryhy kafedrasynyň hepdeligi

Konserwatoriýada Sazyň taryhy kafedrasynyň hepdeligi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl kafedralaryň hepdelikleri yzygider geçirilip gelinýär. Şu ýyl geçirilýän hepdeliklerde esasan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, şahyryň döredijiligi bilen bagly konsertler, ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar guralýar.

Aprel aýynyň 8-13-i aralygynda konserwatoriýada Sazyň taryhy kafedrasynyň hepdeligi ýokary derejede geçirildi.Hepdeligiň çäklerinde kafedranyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy amaly maslahatlar, açyk sapaklar, bäsleşikler gurnaldy.

Hepdeligiň açylşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gyzykly suratlaryň, kitaplaryň sergisi görkezildi.Bulardan başga-da Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi atly monografiýanyň tanyşdyrylyşy, kafedranyň uly mugallymy Leýla Babaýewanyň çykyş etmeginde Magtymgulynyň edebi mirasy saz sungatymyzda atly tema boýunça leksiýa-konserti geçirildi.

Hepdeligiň ilkinji güni gyzykly, täsirli çykyşlar bilen başlandy.

Hepdeligiň çäginde ýatda galyjy çykyşlaryň ýene-de biri Sazyň taryhy kafedrasynyň müdiri Bahargül Ýakubowanyň alyp barmagynda Dünýä saz folklory ýaşlaryň ylmy gözleglerinde atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ýaş sazşynaslar özleriniň taýýarlan çykyşlary bilen maslahaty has-da gyzyklandyrdylar. Dabara gatnaşanlar özleriniň gyzyklanýan temalaryndan sorag-jogap alyşyp, peýdaly maglumatlary öwrendiler.

Hepdeligiň soňky günlerinde türkmen kompozitorlarynyň ýubileýleri mynasybetli mugallymlaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi we bu ýaş sazşynaslar üçin gyzykly maslahatlaryň biri boldy.Onda diňe bir kompozitorlaryň döredijiligi barada gürrüň bolman, eýsem olara degişli mugallymlaryň taýýarlan gysga filmi görkezildi we kompozitorlaryň sazlary ýaňlandy.

Hepdeligiň ahyrky gününde sazyň taryhy dersleri boýunça talyplaryň arasynda wiktorina bäsleşigi hem geçirildi.Saz wiktorinasynda görnükli türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.Talyplar bu bäsleşikde öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

Bu geçirilen wiktorina bäsleşigi Sazyň taryhy kafedrasynyň hepdeliginiň ýapylyşyny jemledi.

Hepdeligiň çäginde geçirilen ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler, açyk sapaklar bu ugurda bilim alýan talyp-ýaşlaryň bilimleriniň has hem ýokarlanmagyna, höwesleriniň artmagyna itergi berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçinji orunda?