Kreml: "Rus emläklerini almak dünýä ykdysadyýetine täsir ýetirer" diýdi

Kreml: "Rus emläklerini almak dünýä ykdysadyýetine täsir ýetirer" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde gün teribiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Dmitriý Peskow Günbatar ýurtlar tarapyndan doňdurylan rus emläklerini almak bilen bagly ädimler etmegiň meýilnamasyny tankyt edip: "Başgalaryň emläklerini almak bilen bagly kararlaryň global ykdysadyýete örän uly täsir ýetirjekdigini ozal ençeme gezek aýdyp geçdik. Hukuka, ykdysady galkynyşa we maýa goýum gurşawyna örän uly täsirleri bolar" diýip habar berdi.

ÝB ýurtlary Ukraina bilen 2 ýyl bäri dowam edýän uruş sebäpli Russiýanyň Merkezi bankynyň takmynan 200 milliard ýewrosyny doňdurypdy.

Rus emläklerini elinde saklaýan edaralar, olary möhledi dolanda ýaňadandan maýa goýum hökmünde ulanyp, uly girdejiler alýar.

Bileleşigiň resmileri eýýäm ençeme aý bäri doňdurylan emläkler we şol emläklerden alynýan girdejileriň, eýesiniň rugsady bolmadan ulanylmagynyň hukuk we maliýe ugurlary babatynda özara jedelleşýärdiler.

ÝB esasy puluň ýerine olardan alynýan girdejileri nyşana almak isleýär.

Ýene degişli makalalar

Ermenistan Rus Serhetçileriniň Işiniň Bes Edilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
“ÝB-niň Ukraina Maliýe Kömegini Bermegi Kynlaşdy”
BMG Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak sapary barada beýannama berdi
Putin Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi
Ermenistan Rus Serhetçilerini Ýurtdan Çykarar
Peskow: "Türkiye biziň möhüm söwda we ykdysady hyzmatdaşymyz" diýdi