Krossuň taryhy çempionlygy

Darts sporty boýunça Angliýada geçirilen 25-nji Dünýä çempionatynda ýer eýelerinden Rob Kross çempionlyk gazandy. 27 ýaşly Kross finalda bu ugruň ägirdi, watandaşy Fil Teýlordan 7:2 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, ilkinji çempionlygyny gazanan Rob Kross 400 müň funt sterlinglik pul sylagyna-da mynasyp boldy.

Finaldan soň, Kross: 15 ýyl öň, Teýlor bilen duşuşmak meniň üçin düýş ýalydy.Bu günki gün arzuwym hasyl boldy. Özem Dünýä çempionatynyň finalynda. Üstesine-de, men ýeňiş gazandym.

Teýlor ilkinji çempionlygyny gazananda, men ýaňy dünýä inipdim diýdi.Mundan bir ýyl ozal, kiçeňräk ýaryşda jübütleýin bäsleşikde 7 funt gazanan, asyl käri elektrik bolan Rob Kross çärýek we ýarym final duşuşyklarynda garşydaşlaryny kynlyk bilen utdy.

Ol çärýek finalda belgiýaly Dimitri Wan Den Bergi 5:4, ýarym finalda-da gollandiýaly Maýkl Wan Gerweni 6:5 ýeňdi.57 ýaşly Fill Teýlor häzirki wagta çenli darts boýunça geçirilen 25 Dünýä çempionatyna-da gatnaşyp, ol 14 gezek ýeňiş gazandy. 19952002-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 8 sapar çempionlyk gazanan Fil Teýlor 5 gezegem finalda utuldy.

Teýlor bu çempionatdan soň, karýerasyny soňlandyrjakdygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirildi
2020- -nji ýylyň modelleri taýýar
Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi
Lukman ýeralmanyň peýdalydygyny düşündirdi
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi