Kubok 8-nji Gezek Türkiýä geler

Kubok 8-nji Gezek Türkiýä geler

WakyfBank zenan woleýbol komandas JEW Çempionlar ligasynyň ýarym final bäsleşiginde Fenerbahçe Opeti 3-0 hasabynda ýeňip, Ejzajybaşy Dynawitiň bäsdeşi boldy.

WakyfBank JEW Çempionlar ligasynyň final bäsleşigine Ejzajybaşy Dynawit bilen bäsleşer.

Ýewropanyň komandalar derejesindäki iň uly guramaçylygynda 20-njy maýda şenbe güni İtaliýanyň Torino şäherinde geçiriljek bäsleşikde çempion belli bolar.

Kubok 8-nji gezek Türkiýä geler.

JEW Çempionlar ligasynda 8-nji gezek türk komandaso çempion bolar.

JEW Çempionlar ligasynda ozal WakyfBank 5, Ejzajybaşy 1, Fenerbahçe hem 1 gezek çempion bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ejzajybaşy Dynawit Finalda…
Fenerbahçe Opet 7 Ýyl Soň Çempion Boldy
Fenerbahçe Opet Sultanlar Ligasynda Çempion Boldy
“Wakyfbankyň” 3-nji çempionlygy
“Wakyfbankyň” yzly-yzyna 2-nji üstünligi
Italýan toparlarynyň üstünligi