Kung-fu Panda 4 multfilminiň treýleri internetde peýda boldy

Kung-fu Panda 4 multfilminiň treýleri internetde peýda boldy

Internetde meşhur Kung-fu Panda multfilminiň dördünji bölüminiň tanyşdyryş sahnasy peýda boldy. Multfilm tomaşaçylar köpçüligine dolulygyna 2024-nji ýylyň 8-nji martynda ýetiriler diýip, Film.ru habar berýär.

Filmiň baş gahrymany — indi Parahatçylyk Ülkesiniň ruhy baştutany hasap edilýän Po atly panda. Günlerde bir gün ol hemişelik Aždarhanyň söweşijisi bolup ýaşap bilmejekdigine göz ýetirýär we özüne mirasdüşeriň gözlegine çykýar.

Şol wagt bolsa zalym Hameleon geçmişdäki gahrymanlary direldýär. Po öýüni goramak üçin ony saklamaly bolýar.

Multfilmde ýene-de Jek Blek, Anjelina Joli, Jeki Çan, Lýusi Liu, Dastin Hoffman, Wiola Deýwis we Ke Hýu Kuan ýaly aktýorlaryň sesleri tomaşaçylara ýetiriler.

Kung Fu Panda — DreamWorks Animation kompaniýasynyň taryhynda iň bir üstünlikli taslamalaryň biridir. Tapgyryň ilkinji üç filmi dünýä ýüzünde 1.8 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilen Sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
В РАМКАХ МЕЖДУНАРОДНОЙ КОНФЕРЕНЦИИ СОСТОЯЛОСЬ ПЛЕНАРНОЕ ЗАСЕДАНИЕ НЕ ТЕМУ СОТРУДНИЧЕСТВО НА ПУТИ К МИРУ И БЕЗОПАСНОСТИ
Oskar baýragyna dalaşgärler belli boldy
93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi