Mega hemralar topary bolar

Ýewropa komissiýasy tarapyndan amala aşyrylýan ägirt uly emeli hemralar topary taslamasy, döwlet we hususy kompaniýalaryň başlangyçlarynyň utgaşmasydyr. Oňa Ýewropa Bileleşigi ýurtlary, şeýle-de, Orange we Thales ýaly hususy kompaniýalar gatnaşýar. Bir ýyl dowam etjek birinji tapgyrda taslamany maliýeleşdirmek boýunça işler kesgitlener.

Bu mega hemralar toplumy ýerüsti hyzmatlaryň üstüni ýetirer. Şeýlelik bilen, bu toplumlaýyn hyzmatlar elýeterli bolar we islän wagtyňyz islendik ýerde maglumat alyp, Ýewropa Bileleşiginde sanly transformasiýany amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler. Bu mümkinçilikler dürli pudaklaryň ösmegine goşant goşar diýip, Ýewropa kosmos amaly merkeziniň telekommunikasiýa we toplumlaýyn programmalar müdiri Elodi Wio belleýär.

2019-njy ýylda amerikan OneWeb we britan-hindi Starlink atly iki sany uly emeli hemralar orbita çykaryldy.Ilkinji Ýewropa hemralaryny 2024-nji ýylda, soňkusyny bolsa, 2028-nji ýylda uçurmak meýilleşdirilýär. Ýewropa hemralary, esasan, 5G we 6G internet bilen üpjün etmek, hökümet programmalaryny we tehnologiýalaryny goramak, goşun we deňiz güýçlerine hyzmat etmek üçin ulanylar.

Bu ýewropalylar üçin strategiki taýdan möhümdir.

The post Mega hemralar topary bolar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon-3 kosmos gämisi HKS-e ugur aldy
Şazada Garri we Megan Markl şa aýalynyň teklibinden ýüz öwürdi
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
Türkiýede 1,5 Million Ýaşaýyş Jaýy Satyldy
BMG: Moskwa — durmuşyň hili boýunça dünýäniň iň oňat megapolisi
Givenchy moda öýüne 70 ýyl boldy