Kuper Özbegistanda

Argentinaly dünýä belli tälimçi Hektor Kuper Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellendi.Taraplaryň arasynda ähli babatda ylalaşygyň gazanylandygy, gol çekişlik dabarasynyň-da 6-njy awgustda geçiriljekdigi habar berildi. 62 ýaşyndaky tälimçi Dünýä Kubogyndan soň, Müsüriň milli toparyndaky wezipesini taşlapdy.

Ussat tälimçi “Malýorka”, “Walensiýa”, “Inter”, “Betis”, “Parma”, “Rasing” ýaly klublarda hem-de Gruziýanyň ýygyndysynda işläpdi. 2015-nji ýylda Müsüriň tälimçisi bolan Kuper demirgazyk afrikalylary 28 ýyldan soň, Dünýä Kubogyna çykarypdy.* * *Müsüriň milli ýygyndysynda Kuperiň ornuna meksikaly Hawier Agirre wezipä bellendi. 59 ýaşly tälimçi ozal Meksikadyr Ýaponiýanyň ýygyndylary bilen bir hatarda, “Osasuna”, “Atletiko”, “Saragosa”, “Espanýol” we “Al Wahda” klublarya tälim beripdi.

Ýene degişli makalalar

Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
2020-nji ýylyň iň gymmat transferleri
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
1-nji ýarymda “Milan”, 2-nji ýarymda “Inter”
“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji çempionlygy