Kuraş 2023: Dinara Rozykulowa-da adyny ýarymfinala ýazdyrdy

Kuraş  2023: Dinara Rozykulowa-da adyny ýarymfinala ýazdyrdy

Kuraş boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň agzasy, Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiň tälimçisi Dinara Rozykulowa Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynyň ýarymfinalyna çykyp, medal gazanmak mümkinçiligini berkitdi.

Ol 63 kilograma çenli agram derejesinde çärýekfinalda hindistanly türgen Snehal Rames Hawareden üstün çykdy. Tejribeli türgen garşydaşyny utuk tapawudy bilen ýeňdi.

Dinara Rozykulowa çenli çempionatyň ilkinji gününde Aýşirin Haýdarowa, Ruslan Esgerow, Sanjar Abdyrahmanow we Aýnur Amanowa dagylar çempionata ýeňiş bilen başladylar.

Şu gün çempionatda 8 agram derejesi boýunça tutluşyklar geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Türkmenistanly türgenlerden Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa altyn medalyň eýeleri boldular
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş 2023: Dinara Rozykulowa güýçli garşydaşyndan üstün çykyp, adyny finala ýazdyrdy
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy