Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy

Aşgabatdaky Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy. Häzirki wagtda ýaryşyň deslapky tutluşyklary geçirilýär.

Çempionatyň dowamynda göz öňünde tutulan 15 agram derejesiniň sekizisi boýunça ýaryşlar şu gün geçiriler. Has takygy, günüň ahyryna çenli erkekleriň arasynda 90 we 100 kilograma çenli, 100 kilogramdan ýokary, zenanlaryň arasynda bolsa 48, 52, 57, 63 hem-de 70 kilograma çenli agram derejelerinde dünýäniň täze çempionlary we dünýä çempionatynyň täze medalçylary belli bolar.

Başgaça aýdylanda, çempionatyň ilkinji gününde erkekleriň arasynda agyr, zenanlaryň arasynda bolsa ýeňil agram derejelerinde ýaryşlar geçiriler.Bu agram derejelerinde ýurdumyzdan 2016-njy ýylda geçirilen Kenarýaka Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Sanjar Abdirahmanowyň, Türkmenistanyň çempionlary Ruslan Esgerowyň we Sapa Sapaýewiň, dünýäniň hem-de Aziýanyň wise-çempiony Aýşirin Haýdarowanyň, dünýäniň çempiony Aýnur Amanowanyň, ýurdumyzyň çempionlary Gülşat Annaýewa bilen Dinara Rozykulowanyň, şeýle-de dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Mariýa Lohowanyň çykyşlaryna tomaşa edip bileris.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenlerden Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa altyn medalyň eýeleri boldular
Kuraş 2023: Sapaýew bilen Esgerow bürünç medal eýeledi
Kuraş 2023: Dinara Rozykulowa güýçli garşydaşyndan üstün çykyp, adyny finala ýazdyrdy
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar