Lagerfeldiň pişigi onuň wesýet eden mirasyny almady

Lagerfeldiň pişigi onuň wesýet eden mirasyny almady

Aradan çykanyna dört ýyl geçen meşhur egin-eşik modelýeri Karl Lagerfeldiň pişigi özüne degişli bolan 1,3 million funt sterling mirasy alyp bilenok, onuň mirasynyň töweregindäki jedeller heniz hem dowam edýär diýip, MIR 24 ýazýar.

2019-njy ýylyň fewralynda 85 ýaşynda Fransiýada aradan çykan Lagefeldiň Şupett atly söýgüli pişigi öz eýesiniň wesýet eden iri mirasynyň eýesi bolmalydy, dizaýnçy ýurduny täzeländen soňra pişik Fransuza Kakot diýen hyzmatkäriniň öýünde ýaşap başlady.

Emma 11 ýaşly pişigiň şahsy hasaby boş, sebäbi oňa öňki eýesiniň wesýet eden mirasy heniz hem jedeller sebäpli geçirilenok.Nysakçynyň mirasynyň arasynda Rolls-Royce ulagy, sungat eserleridir Pariždaki öýi bar.

Karl Lagerfeld bu pişigi fransiýaly kärdeşi Batista Jiabikoniden satyn alypdyr, pişik Jiabikoniniň hem birnäçe ýüz million ýewrolyk emläginiň 30 göteriminiň mirasdüşeridir. Batista Jiabikoni pişiginiň internetde sahypasyny açyp, işgär belläpdir, saparlarynda ýanyndan aýyrmandyr, gymmatbaha farfor gaplarda naharlapdyr.

Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, Şupett dünýäde iň köp surata alynýan pişikdir, ony 200 müňden gowrak gezek surata düşüripdirler. Ol geçen hepdede Vogue žurnalynyň daşky jildi üçin surata düşürilipdir.

Ýene degişli makalalar

Sues kanaly 165 ýaşady
Türkmenistan: Daşary ýurt etiniň ýeke-täk üpjünjisi Maşgalanyň ýakyn dosty
23.01.2018 | Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Uçýan taksi taslamalary