Lawrow Sudana bardy

Lawrow Sudana bardy

Düýn Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iş sapary bilen Sudana bardy diýip, Interfax.ru ýazýar.

Sapar wagtynda Lawrow sudanly kärdeşi Ali As-Sadek, Sudanyň Ýokary Geňeşiniň başlygy Abdelfettah Burhan we onuň orunbasary Muhammed Daglo bilen gepleşikleri geçirer.

RF-niň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşiklerde rus-sudan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Ýakyn Gündogarda we Afrika yklymynda kynçylykly ýagdaýlar boýunça syýasy-diplomatik çözgütleriň gözlegine ünsi çekmek bilen, işjeň halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalar bolar.

Sudan Lawrowyň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça dowam edýän saparlarynyň jemleýji bölegidir, mundan öň ol Yraga, Malä we Mawritaniýa bardy.

Ýene degişli makalalar

DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Eýranyň ilkinji korona sanjymy
Oskarly ýyldyzlary jemleýän film
Gyrgyzystanyň täze kabineti we geljegki kyn ýoly
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
24 sagatda 71 million gezek tomaşa edildi