Liwerpul 2:0 hasabynda Interden üstün çykdy

Liwerpul 2:0 hasabynda Interden üstün çykdy

Milanyň Inter futbol topary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda 0:2 hasabynda Liwerpuldan asgyn geldi.

75-nji minutda Roberto Firmino topy kellesi bilen derwezä gönükdirmegi we hasaby açmagy başardy. 83-nji minutda ikinji goly italýanlaryň goragdaky gowuşgynsyz hereketlerinden soň Muhammet Salah tora girizdi.

Ýurgen Kloppyň topary ýeňişli ýoluny dowam etdirýär. Topar geçiren soňky 10 oýnunyň 8-sini öz peýdasyna, 2-sini bolsa deňlikde tamamlady. Liwerpul soňky gezek 2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Lester bilen geçiren duşuşygynda 0:1 hasabynda ýeňlişe sezewar bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
“Liwerpul” 4-nji orna geçdi, UÇL-e gatnaşmak ugrunda ýiti göreş dowam edýär
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
Hepdede 350 müň funt sterling hak alar