Lloýd Ostin Amerikan harby bazalarynda saklanýan owgan bosgunlar barada beýanat berdo

Lloýd Ostin Amerikan harby bazalarynda saklanýan owgan bosgunlar barada beýanat berdo

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, ABŞ-nyň territoriýasynyň çägindäki harby bazalarda bosgun işleri üçin garaşdyrylýan 53 müňden gowrak owgan bosgunlaryň takmynan 44 göteriminiň çagalardan ybaratdygyny aýan etdi.

Lloýd Ostin, senadyň Ýaragly güýçler komitediniň hormatly agzasy Respublikançy Jim Inhofyň ABŞ tarapyndan Owganystandan çykarylan owgan bosgunlar bilen bagly soragyna jogap berdi.

Wall Street Journal tarapyndan berilen beýanatda, ABŞ-nyň territoriýasynyň çägindäki harby bazalarda bosgun işleri üçin garaşdyrylýan 53 müňden gowrak owgan bosgunlaryň takmynan 22 göteriminiň zenanlardan, 34 göteriminiň bolsa erkeklerden ybaratdygy mälim edildi.

Ostin owgan bosgunlaryň galan 44 göteriminiň bolsa çagalardan yabaratdygyna ünsleri çekip, şolaryň näçe göteriminiň ene-atasyzdygy barada bolsa maglumat bermedi.

ABŞ-nyň 124 müňden gowrak adamy Owganystandan çykarandyklaryny aýdan Ostin, şolaryň 104 müňüsiniň owganlardan ybaratdygyny aýan etdi.

ABŞ Owganystanda çekilmek tapgyrynda çykaran 124 müň adamyň 53 müňüni Amerikan topraklaryna gönüden getiren bolsa, galan bölegini Ýewropadaky we Ýakyn Gündogardaky bazalara ýerleşdirdi.

Ýene degişli makalalar

Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Siriýada, ABŞ-nyň Öňbaşçylygyndaky DAEŞ-e Garşy Koalisiýa Güýçlerine Hüjüm Guraldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Pikiri okaýan emeli aň
Dünýäniň iň gymmat 30 kluby
Dünýäniň iň garry pişigi
ABŞ-nyň we Ukrainanyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi