Lukman ýeralmanyň peýdalydygyny düşündirdi

Lukman ýeralmanyň peýdalydygyny düşündirdi

Nýu-Ýork uniwersitetiniň Grossman lukmançylyk mekdebiniň doktory Emili Jonston ýeralmanyň bedeni kuwwatlandyrýan çylşyrymly uglerodlara baýdygyny gürrüň berdi. Galyberse-de, düzüminde kaloriýanyň az bolmagy ony berhizlik iýmit hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu barada American Heart Association (АНА) neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Jonston ýeralmany taýýarlamagyň syryny hem paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, bu bakja önümini köp ýagda gowurmaly däl. Onuň gaýnadylan görnüşi saglyk üçin has ýaramlydyr. Şeýle hem ýeralma taýýarlananda, duzy köp atmaly däl.

Ýeralma bedeniň immun ulgamyny goldamak üçin wajyp bolan С ýokumyna baýdyr. Düzümindäki kletçatkalar bolsa, iýmit siňdiriş ulgamy üçin peýdalydyr. Lukman kletçatkalaryň ýeralmanyň gabygynda has köpdügi üçin, ony daşyny artman taýýarlamagy maslahat berdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Hatibzadeh: Eýran, Saud Arabystanynyň gepleşikleri dowam etdirmek baradaky çynlakaý erkine garaşýar
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan
Amerikaly Mişra taryhda iň ýaş grossmeýster boldy
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby
Grossi Eýranyň IAEA-a 60% baýlaşdyrmagyny habar berendigini mälim etdi