Lýuis Hemilton Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

Lýuis Hemilton Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

Mersedes toparynyň sürüjisi britaniýaly Lýuis Hemilton “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryşlar “Silwerstoun” awtodromynda geçirildi.

Ikinji orny “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler eýeledi. Üçünji orna finlýandiýaly Waltteri Bottas mynasyp boldy (“Mersedes”). “Haasdan” russiýaly Nikita Mazepin iň soňky gelenleriň biri boldy, ol 17-nji orny eýeledi. Onuň topardaşy nemes Mik Şumaher 18-nji boldy. Çempionatyň indiki tapgyry 30-njy iýuldan 1-nji awgust aralygynda Wengriýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Werstappen “Formula-1” möwsüminde yzygider üçünji ýeňşini gazandy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
“Ferrariniň” sürüjisi Lekler Azerbaýjanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
Karlos Saýns ilkinji ýeňşini gazandy