Mähir doly dünýäm-Enem

Mähir doly dünýäm-Enem

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynda “Mähir doly dünýäm-Enem” ady bilen duşuşyk geçirildi. Çärede Bahar paslynyň älem-jahany joşdurup, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi, eziz enelerimize, mährem gelin-gyzlarymyza goýulýan sylag-sarpadan nyşandygyny aňladýar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk pul sowgadynyň berilmegi, indi asylly däbe öwrülip, ýaşaýyş-durmuşymyza aýratyn ýakym çaýýandygy şeýle-de bahar paslynyň ilkinji günlerinden baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyp başlanmagy, çagalar bagyndaky gyzjagazlardan başlap mährem enelerimize çenli begenjini, şatlygyny goşalandyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda il-halkymyzy toýly, döwranly günleriň eýesi eden Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy
Akyldaryň okan mekdebi
Aşgabatda Magtymguly operasynyň görkezilişi boldy
“Milli medeniýetim göwün ganatym”
“Türkmen halysy asyrlaryň owazy”
“Bu gün goşa baýram toýlaýar diýar”