Mähirli Zenan kompaniýasy ýörite geýimleri we iş lybasyny tikmek hyzmatyny hödürleýär

Mähirli Zenan kompaniýasy ýörite geýimleri we iş lybasyny tikmek hyzmatyny hödürleýär

Iş lybasyny tikmek Mähirli Zenan hususy kärhanasynyň iş ugurlarynyň biridir. Kärhana dürli hünärleriň wekilleri üçin ýörite geýimleri we iş lybaslaryny taýýarlaýar.

Buýrujynyň islegine görä, reňk öwüşginleri saýlanylýar, geýimiň biçüwi, bölekleri, şol sanda haryt nyşanynyň şekili ýa-da nagyşlar işlenilip taýýarlanylýar.

Mähirli Zenan kärhanasynyň önümleriniň hatarynda azyk önümçiligi we jemgyýetçilik iýmiti nokatlary üçin ýörite geýimler, lukmanlar, gurluşyk edaralary, şeýle hem beýleki hünärleriň wekilleri üçin geýimler we halatlar bar, adaty nusgalar hem göz öňünde tutulandyr. Emma kompaniýa hususy nusgadaky lybaslary hem taýýarlamaga we müşderiniň hödürleýän şekilleri ýa-da suraty esasynda ýörite lybaslary tikmäge hem taýýardyr.

Döwrebap enjamlardan peýdalanylmagy, şeýle-de guramaçylykly zähmet sargytlary ýokary derejede we kesgitlenen möhletde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem Mähirli Zenan möwsümleýin ýörite geýimler we iş lybaslary boýunça sargytlary kabul edýär.

Kompaniýa birnäçe gezek öz önümlerini halkara sergilerinde we moda gözden geçirişlerinde köpçülige ýetirdi.

Mähirli Zenanyň önümleri bilen tanyşmak we ýörite geýim sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Garaşsyzlyk köç., 7-nji jaý, Älem.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da türkmen milli lybaslarynyň moda görkezilişi geçiriler
Mähirli Zenan döwrebap lybaslaryna arzanladyş yglan etdi
Aşgabadyň haýwanat bagynda tomus möwsümi dowam edýär, Onlaýn taksi mobil goşundysynyň ulanyjylary 15 müňden geçdi, Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 78 000 tonna pomidor eksport etdi we beýleki habarlar
Mähirli Zenan dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
DOST DOGANLYK NYŞANY