MAFA-nyň prezidenti Rustam Emomali BMG-ä Bütindünýä futbol gününi döretmegi teklip etdi

MAFA-nyň prezidenti Rustam Emomali BMG-ä Bütindünýä futbol gününi döretmegi teklip etdi

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň prezidenti, Täjigistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň spikeri Rustam Emomali Rahmon BMG-ä Bütindünýä futbol gününi resmi taýdan bellemek baradaky kararnamany kabul etmegi teklip etdi. Bu barada Howar habarlar agentligi habar berýär.

Häzirki wagtda Bütindünýä futbol güni resmi däl ýagdaýda her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýär.

Futbolyň dünýä derejesindäki ornuny ykrar etmegi we Baş Assambleýanyň degişli kararnamasyny kabul edip, BMG-de Bütindünýä futbol gününi resmi taýdan bellemegi teklip edýärin diýip, Rustam Emomali belleýär.

MAFA-nyň ýolbaşçysy özüniň wideoýüzlenmesinde futbolyň dürli milletlerden we jemgyýetçilik gatlaklaryndan bolan adamlary birleşdirýän global medeni hadysadygyny aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Ol Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň bäş sany sebitleýin assosiasiýasynyň biri bolup durýar. MAFA-nyň ştab-kwartirasy Duşenbe şäherinde ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň futbol ýygyndysy Türkmenistanyň gatnaşjak halkara ýaryşynda çykyş etmegi ahmal KHBS
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
'Prezident gyzlarynyň diplomatiýasy'. Gurbanguly Berdimuhamedow gyzy bilen Azerbaýjana sapar etdi
Moskwadaky türkmen konsulhanasynda nobat döredi, türkmen raýatlygyndan çykýanlar hem bar
Daşoguz welaýat gümrükhanasynda pudagara okuw maslahaty geçirildi
Kuraş boýunça XIV Dünýä çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi
Kuraş boýunça Dünýä çempionatynyň taryhy