Magtymguly halkyň beýik şahyry atly onlaýn maslahaty

Magtymguly  halkyň beýik şahyry atly onlaýn maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly, Bibliografiýa bölümleri hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakulteti bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap Magtymguly halkyň beýik şahyry ady bilen onlaýn maslahaty geçirildi.

Onlaýn maslahatynda çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyz üçin buýsançly waka öwrüldi.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň bize miras goýan şygyrlary köňülleriň köşgi, kalplaryň buýsanjy, dilimiziň egsilmez çeşmesidir.Magtymguly atamyzyň şygyrlary geçmişiň ýaňy, geljegiň nury, halkyň dili, agzybirlik senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň şygryýeti diliniň sadalygy, çeperligi, milli öwüşgünlere baýlygy bilen utgaşýar diýip giňden belläp geçdiler.

Sözleriniň soňunda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Kalplara nur, ömre ylham Pyragy
Sarpasy belent gerçekler
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Magtymguly Pyragy türkmen şygryýetiniň zergäri
Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergi