Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň beýik şahyry

Magtymguly Pyragy  türkmen edebiýatynyň beýik şahyry

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň beýik şahyry ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň milli buýsanjy, guwanjy bolan Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň öňünde bitiren hyzmatlary, ömri we döredijiligi barada belläp, şahyryň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bütewiligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýandygy, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşy bolup durýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar
Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr
Ýaşlyk joşguny
Magtymguly atam guwan iliňe, külli türkmen toý toýlaýar şanyňa
Magtymguly Pyragy şygryýetiň çyragy
Atym bar ganatym bar