Makgregor çykyşlarynyň bir minudynda 9 mln dollara golaý gazanýar

Makgregor çykyşlarynyň bir minudynda 9 mln dollara golaý gazanýar

Olbg platformasy 2021-nji ýylda meşhur türgenler tarapyndan işjeň çykyşlaryň bir minutynda gazanylan pul mukdaryny hasaplady. Gözlegiň netijelerini Sporf ýetirýär diýip, lenta.ru belleýär.

Bu görkeziji boýunça garyşyk stiliň (MMA) irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor lider boldy.Ol geçen ýyl Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çäginde iki söweşe gatnaşdy.Ol amerikaly Dastin Porýe bilen iki gezek söweşdi we iki gezek-de ýeňildi.

Umuman alanyňda, Makgregor oktagonda üç minut boldy.Bu wagtyň içinde ol 22 mln dollar gazandy.Söweşijiniň bir minutda gazanjy 8,69 mln dollar boldy.Makgregora bir million dollar gazanmak üçin bary-ýogy ýedi sekunt işjeňlik gerek boldy.

Makgregordan soň ikinji bolup meksikaly boksçy Saul Alwares gelýär.Onuň bir minutda gazanjy 444 müň dollar boldy. Üçünji orunda amerikan futbolynyň oýunçysy Dak Preskott ýerleşdi.Ol bir minutda 325 müň dollar gazandy.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!