MakGregor Porýe: 3-nji tutluşyk

Dünýä belli irlandiýaly MMA urşujysy Konor MaKgregor bilen amerikaly Dastin Porýe 3-nji gezek tutluşarlar. Tutluşyk 11-nji iýulda ýekşenbe güni irden 07:00-da başlar. Duşuşyk ABŞ-nyň Newada ştatyndaky Las Wegas Metropolitan Arenada geçiriler.

UFC 264 ady bilen geçiriljek tutluşyk MakGregor bilen Porýeniň arasyndaky 3-nji duşuşyk bolar.Ikisi şu ýylyň ýanwarynda-da özara duşuşypdy we şol duşuşykda Porýe 2-nji raundda güýçli garşydaşyny nokaut bilen ýeňipdi.

Garyşyk söweş sungatynyň iki ägirdiniň arasyndaky ilkinji tutluşyk 2014-nji ýylda geçirilipdi we MakGregoryň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

14-nji iýulda 33-nji doglan gününi geçirjek MakGregor şu wagta çenli 27 duşuşyk geçirdi. Şolarda 19-sy nokaut bilen jemi 22 gezek ýeňiş gazandy. 5 duşuşykda ýeňlişe sezewar bolupdy. 32 ýaşyndaky 34 duşuşyk geçirip, şolaryň 27-sini (13-s nokaut) ýeňiş bilen tamamlady. 6 duşuşykda ýeňlen Porýeniň 1 tutluşygy-da netijesiz goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!