Malaýziýanyň Parlamentiniň wekiller Palatasynyň Başlygy Türkmenistanda saparda bolar

Malaýziýanyň Parlamentiniň wekiller Palatasynyň Başlygy Türkmenistanda saparda bolar

24-nji ýanwarya Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdulyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk ornuny berkitmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Malaýziýanyň Parlamentiniň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işiniň ýola goýulmagynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy barada nygtap geçdiler. Şeýle-de Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Sri Dato Johari Abdul, şu ýylyň dowamynda özüniň Türkmenistana saparyny amala aşyrmaklyga taýýardygyny mälim etdi.

Ilçi hem öz gezeginde gelejekde amala aşyryljak saparlaryň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berer diýip nygtady.Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Malaýziýa köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlygy ýol goýmagy meýilleşdirýär
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy
Türkiyäniň Daşary işler ministri malaýziýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiye ançous balygynyň eksportyny artdyrdy
Aşgabatda Italiýanyň we Malaýziýanyň ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi