Türkmenistan we Malaýziýa köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlygy ýol goýmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan we Malaýziýa köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlygy ýol goýmagy meýilleşdirýär

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Diniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda ilçi 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Malaýziýanyň Aragatnaşyk we multimediýa komissiýasynyň Başlygy Tan Sri Mohamad Salim Bin Fateh Din, öz gezeginde, KHBS-iň ugry boýunça gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny artdyrmaga itergi berjekdigi barada nygtady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Güler we Fidan Malaýziýada Saparda Bolýar
Ynsanperwer Kömekleri Gaza Gelmäge Başlady
Türkiýede Gurlan Ýaragly Tälim Gämisi Katara Bardy
FIFA Katar 2022-niň eminlerini mälim etdi, zenan eminler hem çagyryldy
Baş Ştabyň Başlygy Ýaşar Güler Katarly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
TÝL ― 2021: Balkan derbisi Nebitçiniň myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy