Malym halym

Ata-babalarymyz dowardarçylygy her paslyň özüne mahsus aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, her möwsümiň howa şertlerine görä alyp barmakda çopançylyk kärini sungat derejesine ýetiripdirler. Çünki çopanlar dowardarçylykda geçirilýän owlak-guzy almak möwsümi, ýaz ýüňüniň gyrkymy, guzulary enesinden aýyrmak, güýz ýüňüniň gyrkymy, höwür möwsümi, dok gyşlatmak babatynda birnäçe baý iş tejribesini toplapdyrlar.

Dowardarçylyk pudagy özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däp-dessurlara, aýtgylara, nakyllara, adalgalara, rowaýatlara örän baýdyr. Hut şu nukdaýnazardan, bu pudak bilen bagly aýdylan aýtgylar hem öz ähmiýetini ýitirmän, häzir hem dowam edip gelýär.

Goýun sürüsiniň içinde geçileriň bolmagy dowardarçylykda aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki geçiler sürini bakmakda we dolandyrmakda zerurdyr. Geçiler köplenç, süriniň öňünde gezýärler. Süriniň içindäki iki ýaşly biçilen tekä jaň dakylýar. Bu mala serke diýilýär. Süriniň öňüni çekýän serke öz eýesi çopanyň sesine, sykylygyna, gykuwlamasyna öwrenişdirilýär.

Owlak-guzy almak möwsümi dowardarçylykda iň jogapkärli möwsümleriň biridir. Başgaça aýdylanda, çarwa nowruzy diýlip atlandyrylýan owlak-guzy almak möwsümi Malym halym diýip işleýän çopanlaryň bütin ýylda çeken zähmetiniň rehnedini görýän döwrüdir. Owlak-guzy möwsüminden öň bolan guza barga, enesiniň köp emmezligi üçin guzynyň agzyna daňylyp berkidilen çöpe gämik diýilýär. Ýeke doglan guza ýalky, jübüt doglan guzulara ekiz diýilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, maldarlarymyz üçin birnäçe ýeňillikleriň döredilmegi, ýagny maldarlaryň dürli salgytlardan boşadylmagy, olara döwletimiz tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, degişli kada-kanunlara laýyklykda öri meýdanlaryny, mallar üçin örüdäki suw çeşmelerini bökdençsiz ulanmaga mümkinçilikleriň döredilmegi hususy eýeçilikde hem mallaryň baş sanynyň artmagyny, bazarlarymyzda, söwda merkezlerimizde maldarçylyk önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyny üpjün edýär.

Weterinariýa işi hakynda, Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda, Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi pudagyň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek bilen, ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň has-da ygtybarly ösmegine, bu ugurda işleriň ýokary derejede we talabalaýyk alnyp barylmagyna uly itergi berýär.

Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda her ýylda müňlerçe tonna ýüň öndürilip, şonuň 95,5 göterimi goýun ýüňüne, galan 4,5 göterimi bolsa, geçi çöpürine we düýe ýüňüne degişlidir.

Saryja goýunlaryň ýarym irimçik, ak ýüňi türkmen halylaryny dokamak üçin, garaköli goýunlaryň irimçik, dürli reňkli (gara, çal, goňur we ş.m.) ýüňi bolsa, keçe we keçe önümlerini taýýarlamak üçin gymmatly çig mal hökmünde peýdalanylýar.

Ýüňüň ýokary derejede bolmagy köplenç, gyrkymyň wagtynda geçirilmegine baglydyr. Ýaş toklular diňe güýzüne gyrkylýar. Ýaz gyrkymy aprel aýynyň 20-sinden maý aýynyň 15-i aralygynda, güýz gyrkymy bolsa, awgust aýynyň 20-sinden sentýabr aýynyň 15-i aralygynda geçirilýär.

Gyrkym adatça ýöriteleşdirilen gyrkym jaýlarynda geçirilýär. Şonuň ýaly jaýlary bolmadyk hojalyklarda gyrkym geçirmek üçin ýagty hem-de gury kaşar saýlanyp alynýar we enjamlaşdyrylýar.Gyrkym jaýy agaç germewler bilen bölünip, birine gyrkyljak dowarlar salynýar, ikinjisinde dowarlar gyrkylýar, ýene birinde bolsa, gyrkylyp alnan ýüňler saýlanylýar we gaplanylýar.

Gyrkym öňünden düzülen tertip esasynda geçirilip, haýsy süriniň gyrkyma haçan gelýändigi görkezilýär. Güýz gyrkymynda ilki ene goýunlar, soňra goçlar, iň soňunda ýaş mallar we toklular gyrkylýar. Deri keseli (gotur we ş.m.) bolan dowarlar hemme mallardan soňra gyrkyzlýar.

Gyrkym dowarlar aç garna geçirilse, olaryň bedenine agram düşmeýär. Ýüňüň ýokary hilli we arassa bolmagy üçin goýunlar gyrkylmazyndan öň olary suwa düşürmek gerek.Goýunlaryň güýz gyrkymyny öz wagtynda geçirmeli.

Sebäbi dowarlar ir gyrkylsa, tomsuň ýiti Güneşine olaryň endamynyň ýanmagy mümkin, eger-de giç gyrkylsa, gijeleriň sowamagy sebäpli mallaryň sowuklamagy mümkin.Aýratyn-da, ýaş toklular yssa we sowuga dözümsiz bolýarlar.

Dowarlaryň güýz ýüňüniň wagtynda gyrkylmagy ene goýunlaryň we işşekleriň höwür möwsümine çenli tiz guratlanmagyna we sagdyn owlak-guzularyň alynmagyna täsir edýär.

Tagangeldi ENNEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň obasenagat toplumynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Buffon XXI asyryň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi
Manuel Noýer FIFA boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi
FIFA, The Best ― 2020: Manuel Noýer ― ýylyň iň gowy derwezeçisi
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar