Mançester Siti APL-den rekord derejede girdeji aldy

Mançester Siti APL-den rekord derejede girdeji aldy

Daily Mail neşiri Mançester Sitiniň APL-däki çempionlyk girdejilerini alandygyny habar berdi.

Hosep Gwariolanyň şägirtleri 166 million funt sterling işlediler. Şunda duşuşyklaryň göni ýaýlymyndan alnan girdejiler hem bar.

Şu ýyl APL-niň girdejileri rekord derejede paýlandygyny aýtmak gerek. Geçen möwümiň netijesinde şäherliler 153 million funt girdeji alypdylar. Mançester Sitiniň 20-nji maýda heniz möwsüm tamamlanmakna çempion bolandygyny ýatladýarys.

Bassyr üçünji çempionlygyny gazanan Mançester Siti taryhynda 10-njy gezek Angliýanyň iň güýçli kluby bolmagy başardy. Indi topar 10-njy iýun güni Çempionlar ligasynyň çempiony bolmak üçin Milanyň Interi bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Stambul şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

8 goly 8 futbolçy geçirdi
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
APL-niň geçen möwsüminiň iň şowsuz transferleri yglan edildi
Poçettino Çelsiniň baş tälimçisi boldy
“Arsenal” “Mançester Sitini” ahyry ýeňdi
Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy