8 goly 8 futbolçy geçirdi

Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” 6-njy tapgyryň jemleýji duşuşygynda taryhy netije hasaba alyndy.Möwsüme ilkinji 3 oýunda 1 ýeňiş bilen başlan “Nýukasl” topary myhmançylykda “Şeffild Ýunaýtediň” derwezesinden jogapsyz 8 gol girizdi.

Gollaryň 8-sini hem başga-başga futbolçylar geçirip, “Nýukaslyň” adyndan 21-nji minutda Longstaff, 31-nji minutda Bern, 35-nji minutda Botman, 56-njy minutda Wilson, 61-nji minutda Gordon, 68-nji minutda Almiron, 73-nji minutda Bruno Gimaraeş hem-de 87-nji minutda Isak tapawutlandy.

APL-niň taryhynda ilkinji gezek bir oýunda 8 goly 8 futbolçy geçirdi.Bassyr 2-nji ýeňşini gazanan “Nýukasl” bu ýeňişden soň 9 utuk bilen 8-nji orna çykdy.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy
“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar, “Arsenal” 11 oýundan soň ýeňiş gazanyp bilmedi
London derbisi deňlikde tamamlandy, “Liwerpul” ýeňşi ýatlady
“Arsenala” awtogollara ýeňiş getirdi
Soňky minutlarda hasaby deňlän “Çelsi” topary “Arsenaly” begendirdi