“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy

Angliýanyň Liga Kubogy (EFL Cup) ýaryşynda 4-nji tapgyryň, ýagny 1/8 finalyň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň merkezi duşuşyklarynda esasy faworitler ýeňlişe sezewar boldy.

Kubogyň soňky eýesi “Mançester Ýunaýted” topary-da öz meýdançasynda “Nýukasldan” 3-0 hasabynda asgyn gelip, ýaryş bilen hoşlaşdy.Gollar Almiron (28), Holl (36) hem-de Willok (60) geçirdi. Şunlukda, “Mançester Ýunaýted” 61 ýyldan soň ilkinji gezek “Old Traffordda” yzly-yzyna 2 oýunda 3 we 3-den köp gol geçirtdi.

London derbisinde “West Ham” topary “Arsenaly” 3-1 hasabynda utdy. “West Ham” toparyna ýeňiş getiren gollary Waýt (16, ö.d.), Kudus (50) hem-de Bowen (60) geçirdi. “Arsenalyň” ýeke-täk goluny 90+6-njy minutda Edegor öz adyna ýazdyrdy.

“Çelsi” öz meýdançasynda “Bläkbörn Rowersi” 2-0 (Badiaşile 30, Sterling 59), “Liwerpul” myhmançylykda “Bornmuty” 2-1 (Gakpo 31, Nunýes 70 Kluiwert 64), “Ewerton” “Börnlini” 3-0 (Tarkowski 13, Onana 53, Ýang 90+2), “Fulham” myhmançylykda “Ipswiç Tawny” 3-1 (Wilson 9, Muniz 50, Kairni 77 Baggott 79) hasabynda ýeňdi.

Aşaky ligalaryň wekilleriniň arasyndaky oýunlarda-da 3-nji liganyň kluby “Port Weýl” myhmançylykda 4-nji ligada çykyş edýän “Mansfild Tawny” 1-0 (Dewine 50), 2-nji liganyň wekili “Middlsbro” myhmançylykda 3-nji liganyň topary “Ekseter Sitini” 3-2 (Rojers 49, Silwera 59, Latte Lat 82 p Trewitt 13, 66) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

19-20-nji dekabrda oýnaljak çärýek finalda “Ewerton” “Fulham”, “Çelsi” “Nýukasl”, “Port Weýl” “Middlsbro” hem-de “Liwerpul” “West Ham” duşuşyklary geçiriler.

Ýene degişli makalalar

64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Hamilton ýurdunda ýeňiş gazandy
“Altyn palma” dalaşgär filmler:
24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Türkmen-özbek işewürler maslahaty
“Silwer Wind” atly kruiz gämisi 270 ýolagçysy bilen Guşadasyna geldi