“Mançester Siti” Guardiolanyň tälimçiliginde ilkinji gezek

Angliýanyň “Premier Ligasyndaş” 11-nji tapgyrda soňky 4 ýylyň çempiony “Mançester Siti” bassyr 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.Myhmançylykda “Braýton” bilen duşuşan şäherliler Erling Holannyň 23-nji minutdaky goly esasynda öňe saýlansa-da, olara üstünligini saklamak başartmady.

Duşuşygyň 65-nji minutynda oýna giren Žoao Pedro 78-nji minutda hasaby deňledi. 83-nji minutda bolsa onuň pasyndan soň O’Raýli ýer eýelerine ýeňiş getiren goly geçirdi. Şunlukda, “Mançester Siti” çempionatda bassyr 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Iň esasysy hem “Mançester Siti” topary 2016-njy ýyldan bäri, ýagny Pep Guardiolanyň tälim berip başlanyndan buýana ilkinji gezek yzly-yzyna 4 duşuşykda ýeňildi. “Mançester Siti” topary bu duşuşykdan öň Liga Kubogy ýaryşynda “Tottenhamdan” 2-1, çempionatda “Bornmutdan” 2-1, Çempionlar Ligasynda-da “Sportingden” 4-1 utulypdy. Şol duşuşyklaryň soňky 3-sinde “Mançester Siti” öňe geçse-de, olar ýeňlişe sezewar boldy. /* custom css */ .td_uid_15_67314b30d5c4a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67314b30d5c4a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar, “Arsenal” 11 oýundan soň ýeňiş gazanyp bilmedi
“Çelsi” tälimçisini ugratdy
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
111 ýyllyk rekord gaýtalandy
Durzup bolmaýan “Aston Willa”