Maradona 60 ýaşady

Geçen hepdede futbolyň iki ägirdiniň biri bolan Pele 80 ýaşapdy. Ondan 20 ýyl 7 gün soň dünýä inen

futbolyň başga bir ägirdi Diego Armando Maradona

hem düýn 60 ýaşady.

1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Buenos

Aýres welaýatynyň çägindäki Lanus şäherinde dünýä inýär.

Çagalykdan Dünýä Kubogyna gatnaşmagy hem-de ýeňiş gazanmagy arzuw eden Maradona bu maksadyny amala

aşyrýar. 1976-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda professional derejedäki ilkinji duşuşygyny

“Argentinios Juniors” klubunda geçiren Maradona

soňlugy bilen, bu toparda 5 ýyllyk çykyş edýär. 1981-1982

möwsümini “Boko

Huniorsyň”, soňky 2 möwsümde-de “Barselonanyň” köýnekçelerini geýen Maradona 1984-nji ýylda

özüne uly şöhrat getiren Italiýanyň “Napoli” toparyna transfer bolýar. Soňra “Sewilýadyr” “Newell’s Old Boýz” toparlarynyň hersinde 1 möwsüm

oýnanyndan soň, “Boko Huniorsa” dolanyp, 2 ýyllap çykyş

edýär we 1997-nji ýylda karýerasyny

tamamlaýar. Klub futbolynda jemi 588 oýunda 312

gol geçiren Maradona milli ýygyndyda 1977-nji

ýylda oýnap başlaýar. Argentinanyň ýygyndysynda 91 duşuşykda 34 gezek

tapawutlanan Maradona 1986-njy ýylda toparynyň Dünýä Kubogyny gazanmagynda esasy roly

oýnaýar. Çempionatyň dowamynda geçiren 2 goly

welin, entek-entekler ýatdan çykmasa gerek. Angliýanyň ýygyndysynyň derwezesinden

geçiren gollarynyň birinjisinde 7 futbolçyny

aldap, ikinjisinde topy eli bilen derwezä girizýär. Hemişe Pele, häzirki wagtda

bolsa, Messi bilen deňeşdirilýän Maradona dürli klublara hem-de Argentinanyň ýygyndysyna tälim berdi.

Häzirki wagtda “Himnasia de La Plata” toparynyň tälimçisi bolup işleýän Maradonanyň durmuşy

gopgunlardan, dürli wakalardan doly. Edil Pele ýaly Kopa Amerikany gazanyp

bilmedik Maradona hem klub futbolynda Argentinanyň (1),

Italiýanyň çempionlygyny (2) gazandy.

Ispaniýanyň Şa Kubogyny, Ýewropanyň UEFA Kubogyny Italiýanyň Kubogyny gazanan Maradona şahsy baýraklary sanardan köp. Köplerine

görä, futbolyň iň uly ýyldyzy hasaplanýan Maradona

özüniň karýerasynda adyny taryha altyn harplar

bilen ýazdyrmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

4 ýyl öň şu gün…
Peläniň aradan çykmagy
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
https://zamanturkmenistan.com.tm/?p=91581
FourFourTwo neşiri taryhda iň gowy futbolçynyň adyny mälim etdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini geýenimde, özümi bagtly hasaplaýaryn ― Ruslan Mingazow
Peläniň futbol karýerasy