Mary welaýatynda kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy

Mary welaýatynda kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy

Mary şäheriniň Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH ýazýar.

Şu gün, 17-nji aprelde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Olaryň jemi 200 sanysyny gurmak meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Ojar Aziýa hususy kärhanasyna ynanyldy.

Ýurtda gurulýan ähli täze binalarda bolşy ýaly, kottejler hem ýaşaýjylar üçin ýokary amatlyklar, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bina edilendir. Şeýle hem jaýlaryň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak ýa-da çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin mümkinçilikler bar.

536 inedördül metr meýdany eýeleýän her bir kottej 6 sany giň otagdan, ýerzeminden we awtoulaglar üçin duralgadan ybaratdyr. Şeýle hem daşarky suw, tebigy gaz we elektrik geçiriji hem-de telekommunikasiýa ulgamlary çekilendir.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
Türkmenistan we Özbegistan suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türkmen türgenlerine gutlag iberdi
ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär
Işsizlik ilat köpçüliginiň çagalaryny kadaly naharlamak we okatmak mümkinçiligini elinden alýar
Balkan: PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär