Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Häkimler welaýatlarda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda möhüm we jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanylmagy, ak ekin meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we häkimlere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti häkimlere ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany guramaçylyk meseleleri bilen bagly käbir resminamalara hem gol çekdi.

Soňra wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, şu ýyl ýurtda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bolsa ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri-de ýerine ýetirilýär.

Ýurtda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurtda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişi taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi we ýazlyk ekinleriň ekişiniň, olara ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny ýaýmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow pile öndürmek möwsümine ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Prezident suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy