Prezident suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi

Prezident suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, şeýle hem ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar hem galla oragy möwsümine taýýarlanylýar.

Şeýle-de pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Ýazlyk ekinleri ekmek we olara ideg etmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Ýurduň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, hususan-da, hatarara bejergi işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, galla oragy möwsümine häzirden gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde-de zerur işleri alyp barmagyň, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow pile öndürmek möwsümine ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi