Serdar Berdimuhamedow pile öndürmek möwsümine ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy

Serdar Berdimuhamedow pile öndürmek möwsümine ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Daşoguz welaýatynda bolsa bu jogapkärli möwsüme girişmäge taýýarlyk görülýär.

Welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi geçirilen ýerlerde agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Häkimler welaýatlarda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdiler.

Şeýle-de 2022 - 2028-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabatlar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere gowaça ekişiniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti häkimlere ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň, açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyklaryň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we galla kabul ediş nokatlaryny galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere gowaça ekişiniň guramaçylykly we agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýurduň bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleriniň alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigine ünsi çekdi hem-de ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny we pile öndürmek möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowy Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitabynyň çapdan çykmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Prezident suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi