Mary welaýatynyň ýüpekçilerine ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi

Mary welaýatynyň ýüpekçilerine ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi

Ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işine Mary welaýatynyň, hususan-da, Tagtabazar etrabynyň ýüpekçileri ilkinjileriň hatarynda girişdiler. 2024-nji ýylda etrabyň ussat ýüpekçilerine 1 müň 917 gap (36423 gram) ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýüpekçiler gymmatly çig mal bolan piläniň ýokary hilli hasylyny öndürmek üçin jogapkärli möwsüme irgözinden ykjam taýýarlyk gördüler. Ýüpek gurçuklarynyň saklanjak jaýlary birkemsiz gözden geçirilipdir.

Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut agaçlaryna göwnejaý ideg edilip, täze nahallar oturdylypdyr.

Gyrkylyp alnan tut çybyklarynyň we ýyglan ýapraklaryň zaýalanmazlygy, terligine ýüpekçilere ýetirilmegi üçin awtoulaglardyr traktorlaryň hyzmaty göwnejaý ýola goýlupdyr. Etrabyň pileçileri ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek bilen, 70 tonna ýokary hilli önüm öndürmegi maksat edinýärler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy
Günorta Türkmenistanyň çäklerinde täze gaz akymlary alyndy
Ispaniýa tagtabitleriň görlüp-eşidilmedik hüjümini başdan geçirýär
Aşgabadyň çagalar baglarynda tagtabiti ýok etmek üçin ene-atalardan pul ýygnalýar
Beýik Britaniýanyň Koroly 4 gün dowam etjek Keniýa saparyna başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY