Maryda 2020-nji ýylda çagalara iň köp dakylan adaty bolmadyk atlar

Maryda 2020-nji ýylda çagalara iň köp dakylan adaty bolmadyk atlar

Mary raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny (RÝNÝ) hasaba alyş edarasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylda welaýatda täze doglan çagalara iň köp dakylan atlar barada Türkmenportalyň welaýat boýunça habarçysyna maglumat berdiler. Maglumata görä, Alyhan we Aýnur atlary geçen ýylda doglan çagalara iň köp dakylan atlar boldy.

TOP-5 oglan atlaryna Muhammedaly, Selim, Osman, Emir, gyz atlaryna Medina, Aýperi, Melek, Nurana atlary hem girdi.

2020-nji ýylda täze doglan gyzlara Aýgül, Merýem, Aýşa, Aýmelek, Hatyja, Meňli, Jennet, Züleýha, Elif, Humaý, oglanlara bolsa Süleýman, Abdyrahman, Emin, Dawut, Omar, Serdar, Rahym, Arslan, Ahmet, Kemal, Ýusup, Ýunus atlary hem köp dakyldy.

Şeýle-de 2020-nji ýylda doglan gyzlara käbir seýrek we adaty bolmadyk Zyýada, Ariýana, Milana, Zübeýda, Zeýnep, Şeýda, Ýewangelina, Enara, Gülpam, Halima, Sofiýa, Günel, Pamyk, Elwan, Ameliýa, Rabiýa, Sara, Sada, Ýasar, Aýlin , Esmanur, Ülker, Saýida ýaly atlar dakylan bolsa, oglanlara Mejit, Emil, Keramat, Gudrat, Seljuk, Tarhan, Salamat, Bilal, Salyh, Habib, Eýup, Dana, Amir, Elman, Nuran ýaly atlar dakyldy.

Käbir ene-atalar täze doglan çagalara Ogulgerek, Güljemal, Orazgül, Annageldi, Nurmuhammet, Jumamyrat ýaly goşma atlary hem dakdylar.

Şeýle-de okaň!

Aşgabadyň 140 ýyllygynyň bellenilýän güni ilkinji doglan çagalara dakyljak atlar belli boldy

Çaga dogulanda we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryna bolan hukuk

Şeýle-de tomaşa ediň!

Çaga doglanda berilýän Döwlet kömek puly barada

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar
Halkara festiwalyň çäginde türkmen artistleri Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler
Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi