Maryda Arkadaglaryň birine garaşylýar, ykmanda itler we pişikler ýok edilýär

Maryda Arkadaglaryň birine garaşylýar, ykmanda itler we pişikler ýok edilýär

Şu günler Mary welaýatynda, şol sanda Mary we Şatlyk şäherlerinde prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

Ýokary derejeli sapar bilen baglylykda, sebit merkezinde köçeler ýuwulýar, haşal otlar çapylýar, ykmanda itler we pişikler ýygnalýar, öýsüz adamlar çet sebitlere ugradylýar. Ýöne taýýarlyk işleri bular bilen çäklenmeýär.

“Adamlar anyk kimiň geljegini bilmeýärler, ýöne Arkadaglaryň biri gelmeli diýýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy taýýarlyk çärelerine gatnaşýan bir işgäriň sözlerine getirdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasy Gurbanguly Berdimuhamedowy “Gahryman Arkadag” Serdar Berdimuhamedowy “Arkadagly Gahryman Serdar” atlandyrýar.

Döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlary köplenç öňünden yglan edilmeýär, ýöne saparlaryň öňüsyrasynda köçelerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri adatdakysyndan güýçlendirilýär.

Häzirki wagtda Aşgabat Mary awtomobil ýolunyň ugrunda hem arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar, köçeleriň gyralaryndaky hapa-hupalar çöplenýär, uly ýoldan görünýän binalaryň üçekleri ýaşyl reňke boýalýar.

Şeýle-de, Mary welaýatynyň Baş metjidiniň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary reňklenýär.

Ýöne ýokary derejeli sapar ykmanda itleriň we pişikleriň gününi bulaýar. Ýaşaýyş jaý müdirliginiň hem-de Jemagat gullugynyň işçileri şu günler sebitde ykmanda itleri we pişikleri awlaýarlar. Şeýle çäreler, hususan-da, Şatlyk şäherinde batlanýar. Aýdylmagyna görä, nobatdaky ýokary derejeli saparyň dowamynda Şatlyk şäherinde bir metjidiň açylmagyna garaşylýar.

Metjidiň açylyş dabarasy mynasybetli görülýän arassaçylyk çäreleri ykmanda janawarlara howp abandyrýar.

Öý dolandyryş müdirliginiň işgärleri sebitde ykmanda itleri janly ýa-da jansyz tutup gelen adamlara 5 manat möçberinde baýrak yglan edýär, getirilen her bir pişik üçin bolsa, bir manat möçberinde pul baýragyny hödürleýär.

Bu ýagdaý hojalyklardaky ýa-da edara-kärhanalardaky garawul itleriniň hem ýerli ýaşaýjylar tarapyndan nyşana alynmagyna ýol açýar.

Öýlerinde garawul itlerini saklaýan hojalyklar itlere we pişiklere garşy alnyp barylýan “aw kampaniýalaryny” ýazgarýarlar.

“Welaýatlarda türkmen alabaý itleri merkezleri açylanda begenipdik. Täze prezident itlere-de arka çykar öýdüpdik” diýip, hojalygynda garawul itini saklaýan bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

“Aşgabatda alabaý itiniň heýkeli gurlanda, welaýatlarda itşynaslyk merkezleri açylanda Berdimuhamedowlar diňe bir türkmen raýatlarynyň arkadagy däl, eýsem, ejiz haýwanlaryň hem arkadagy bolar öýdüpdik” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýatlasak, Türkmenistanda soňky ýyllarda alabaý itleri barha köp dabaralandyrylýar. 2020-nji ýylda türkmen paýtagtynda alabaý itiniň heýkeli açyldy, alabaý itleriniň ýörite güni bellenildi, itşynaslar üçin hormatly atlar döredildi. Bu aralykda, ýurtda ýaşaýan beýleki itler, şol sanda ykmanda haýwanlar jemagat gullugynyň işgärleri tarapyndan yzygiderli ýok edildi.

“Berdimuhamedowlar gelse, welaýatda itlere-de, pişiklere-de gün ýok” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Saparyň öňüsyrasynda, welaýat merkezindäki öýsüz adamlar hem çet sebitlere ugradylýar. Şol bir wagtda, öndürilen ýyly köne bolan awtoulaglaryň, hem-de reňki ak ýa-da açyk reňkde bolmadyk awtoluaglaryň köçelerden ýygnalmagyna garaşylýar.

“Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýyly täze bolmadyk awtoulaglara, hem-de reňki açyk ýa-da ak bolmadyk awtoulaglara garşy reýd geçirip başlarlar” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-12-nji ýanwarda Mary welaýatyna sapar edip, welaýat metjidine, bir harby howa bazasyna, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk meýdanyna we çopan goşuna baryp gördi. Şonda Şatlyk şäherinde gurluşygy dowam edýän metjidiň hem açylmagyna garaşyldy. Ýöne bu amala aşmady.

Döwlet mediasy şonda Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary Türkmenabat böleginiň gurluşygyna badalga berilýändigini, Tejen Mary böleginde bolsa, gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny habar berdi.

Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda prezident wezipesini eýelemeginiň yz ýany, ýurduň her bir welaýatynda täze metjitleri gurmak barada karar kabul edildi. Bu kararyň yz ýany, Marynyň welaýat merkezinden 30 kilometr töweregi günbatarda ýerleşýän Şatlyk şäherinde hem täze metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu metjidiň gurluşygyny 2023-nji ýylyň 12-nji dekabrynda çenli tamamlamak meýilleşdirildi. Ýöne açylyş yza çekdi.

Mary şäheriniň esasy metjitleriniň biri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýär. Turkmen.news neşiri Şatlyk şäherinde açylmagyna garaşylýan metjide “Serdar hajy” adynyň dakylmagyna garaşylýandygyny habar berýär. Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine girişmeginiň yz ýany, daşary ýurtlara amala aşyran ilkinji resmi däl saparynyň çäklerinde, Saud Arabystanynyň Mekge şäherine baryp, umra zyýaratyny ýerine ýetirdi.

Ýerli ýaşaýjylar Berdimuhamedowlaryň sebite amala aşyrýan saparynyň dowamynda dükanlaryň işlemeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, saparyň dowamynda ýerli ýaşaýjylara tüsse çykaryp tamdyra çörek ýapmak hem gadagan edilýär.

Bu gezekki saparyň öňüsyrasynda dükanlaryň ýokarsyndaky atlar hem aýrylypdyr.

“Ähli dükanlar atsyz bolmaly, daşyndan seredeniňde hiç hili ýazgy bolmaly däl” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Prezident ýa-da onuň kakasy gelip gidenden soňra, dükanlara gaýtadan öňki atlarynyň asylmagyna rugsat beriljekdigi aýdylýar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, ýokary derejeli sapara görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde, sebäpleri aýdyňlaşdyrylmazdan, dükanlaryň daş ýüzüne oturdylan howpsuzlyk kameralary hem aýrylýar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda dowam edýän arassaçylyk işleri we güýçlendirilen düzgün barada sebit häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hajy Bekdaş Weli we Bekdaşylyk tarikaty
Gymmaty egsilmejek kitap
Ile döwlet geler bolsa
Asyrlara ýaň salýar milli mirasym
Kalplara nur, ömre ylham Pyragy
Ertekiler dünýäsine syýahat