Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy

Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy

Mary welaýatynda çarşenbe güni Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Merkeziň açylyşyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlary hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly iki sany emeli böwrek enjamy sowgat berildi.

Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bina 200 orunlyk bolup, çaga dogrulýan, göwrelileriň patologiýasy, ginekologiýa bölümlerini öz içine alýar.

Habarda bellenilişi ýaly, çagalar binasy 260 orna niýetlenip, onda bäbekleriň patologiýasy, kiçi ýaşly çagalar, nefrologiýa, newrologiýa, mekdep ýaşly çagalar, rewmokardiologiýa bölümleri göz öňünde tutulandyr. Her binanyň öz kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa, reanimasiýa bölümleri bar.

Şeýle-de merkezde anyklaýyş-maslahat beriş bölümi, ulular üçin barokamera otagy, fizioterapiýa we bejeriş-bedenterbiýe otaglary, barlaghana bölümi, çaga dogrulýan bölüm, dolandyryş bölümi, mejlisler zaly, näsaglar, işgärler üçin naharhana, döwrebap awtoduralga, egin-eşik ýuwujy we zyýansyzlandyryjy bölümler ýerleşdirildi.

Mundan başga-da, şol gün “Türkmenawtoulaglar” agentliginiň “Maryawtoulag” önümçilik birleşigine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan täze awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Sowgat berlen täze ulaglar Ýaponiýanyň önümi bolup, olaryň 170-si “Toyota Coaster” kysymly orta synply, 20-si bolsa “Toyota Hiace” kysymly kiçi synply awtobuslardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ýanwar — iýun aýlarynda ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterim berjaý edildi
Ýanwar — iýun aýlarynda ýolagçy...
Balkan welaýat köpugurly hassahanasy durky täzelenip ulanylmaga berildi
2024: Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär
Mary welaýatynda 42 sany kottej jaýy açyldy