Maryda futbol tälimçileri üçin gysga möhletli okuw geçiriler

Maryda futbol tälimçileri üçin gysga möhletli okuw geçiriler

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda Mary şäherinde B kategoriýany almak ugrunda AFK-nyň tälimçilik kursy geçiriler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçiriljek tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow çykyş eder.

Nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine alýan okuw-ýygnanyşygy iki moduldan ybarat bolar. Onuň ilkinjisi şu ýylyň 22 ― 31-nji martyna çenli, ikinjisi bolsa 1 ― 11-nji maý aralygynda dowam eder. Birinji hem-de ikinji modulyň aralygynda gatnaşyjylar öz toparlarynda tejribe sapaklaryny geçerler.

Tälimçilik okuw-ýygnanyşygyna Türkmenistanyň dürli künjegine wekilçilik edýän futbol hünärmenleriň 20-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny bellemek gerek.

Okuw-ýygnanyşygynyň soňunda geçiriljek synaglary üstünlikli geçenlere ýörite sertifikatlar gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

Ahmet Ataýew tälimçiligiň A derejesi boýunça okuwlara gatnaşýar
Türkmenistanda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwlaryna badalga berildi
Türkmenistanda ilkinji gezek PRO derejeli tälimçilik okuwlary geçiriler
Türkmenistanda ilkinji gezek PRO derejeli tälimçilik okuwlary geçiriler
Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi
Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýrana saparynyň dowamynda 5 sany täze resminama gol çekildi, Türkmenistanyň IIM ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmek barada duýdurýar, Türkmenistanda ýylyň iň gowy talyby saýlanyldy we beýleki habarlar