Maryda IIM-niň işgärleri üçin täze binalar ulanmaga berildi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin täze binalar açylyp ulanmaga berildi.

Dabarada Içeri işler ministrliginiň aýdym-saz toparynyň, şeýle hem Mary welaýat medeniýet müdirliginiň aýdym-saz we tans toparynyň çykyşlaryna uly orun berildi. Dabaranyň dowamynda täze binany gurmakda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Içeri işler edaralarynyň enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi netijesinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, awtoulaglaryň howpsuz hereket etmegi we tehniki taýdan gurat bolmagy ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde oňaýly şertleri döredýär.

Soňra dabaralarda aýdym-sazlaryň owazy belent heňde ýaňlandy. Dabaralara gatnaşan il sylagly ýaşulular bu binalary gurmakda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara sowgatlary gowşurdylar.

Ýene degişli makalalar

Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna gutlag hatyny iberdi
Ýurdumyzyň teatrlarynda 22-27-nji sentýabrda aralygynda görkeziljek sahna oýunlary
Garaşsyzlyk milli galkynyşyň binýady
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylary gutlady
Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär