Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylary gutlady

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. ''Türkmenistan'' gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany, hususan-da, şeýle belleýär:

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli serginiň berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryh üçin uly bolmadyk 32 ýyllyk döwründe halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmekde, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilip, ýokary netijeler gazanyldy.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri — milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini mundan beýläk hem ilerletmek, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar.Bu ugurda geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şu günki ýaýbaňlandyrylan serginiň dürli ugurlara bagyşlanan bölümlerinde ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyna, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasyny kemala getirmekde ýokary netijeleriň gazanylýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolar.

Eziz watandaşlar!Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalarymyz belent maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, özara bähbitli, deňhukukly esasda daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzda çig mal serişdelerini gaýtadan işleýän, halkyň sarp edýän harytlaryny hem-de eksport ugurly önümleri öndürýän pudaklar çalt depginler bilen ösýär.Senagat, oba hojalyk önümleriniň möçberidir görnüşleri artýar, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň hem ygtybarly girewidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýadynyň has-da berkidilmegi bagtyýar halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Oraza baýramy mynasybetli gutlag iberdi
Serdar Berdimuhamedow ähli aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady
Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy
Maryda IIM-niň işgärleri üçin täze binalar ulanmaga berildi