Maryda ýol gözegçiligi polisiýasy işjeňleşdi

Maryda ýol gözegçiligi polisiýasy işjeňleşdi

Mary welaýatynda ýollarda polisiýa gözegçiligi güýçlenip, ulaglar has ýygy-ýygydan saklanýar, sürüjilere köpçülikleýin jerime ýazylýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri bu ýagdaýyň soňky üç gün bäri dowam edýändigini aýdýarlar.

Ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri awtomobil sürüjilerine uçdantutma jerime ýazýarlar, diýip azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy üç gün bäri polisiýa işgärleriniň elleri awtoulaglaryň tizligini ölçeýji enjamly Marynyň dürli etraplarynda bukulyp-gizlenip awto ulaglary tutýandygyny we jerime ýazýandygyny 4-nji iýulda habar berdi.

Habarçylar we çeşmeler, şu günler polisiýanyň adatdakysyndan tapawutlylykda para almakdan saklanýandygyny we resmi jerime ýazýandygyny aýdýarlar. Azatlyk bilen gepleşen çeşmeleriň biri polisiýanyň jerime salmak üçin bahana gözleýän pursatlarynyň az däldigini aýdyp, Marynyň köçeleriniň birinde öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi:

"Köçelerde awtoulagyň tizligi 40 km/s belgisi bolan ýerde 47-48 km/s tizligi bilen awtoulagymy dolandyryp barýardym.M eni sakladylar we 56 km/s tizliginde sürüp barýandygymy aýtdylar.

Olar meni öz diýenine ynandyrmaga çalyşdylar we göni protokol ýazmana başlady.Men: "dur, tizligim beýle beýik bolmaga haky ýok, men seredip gelýärin" diýip, nähak ýere jerime ýazýandygyny düşindirmäge çalyşdym, emma olar maňa gulak asman jerime ýazyp başlandy".

Habarçylaryň sözlerine görä, Marynyň şol bir köçesinde polisiýa tarapyndan saklanyp, awtoulagyň ýokary tizligi sebäpli jerime alan ulag sürüjileriň sany gaty köp bolupdyr, käbirler iki gezek saklanypdyr olaryň tas ählisiniň polisiýa tarapyndan ýokary diýlip, görkezilen tizligi 56 km/s barabar bolupdyr.

Çeşmeler özleriniň nähak saklanandygyny bilýän sürüjileriň polisiýa bilen gidişip, öz hakyny goramaga synanyşýandygyny, emma polisiýa işgärleri tarapyndan goşmaça haýbata duçar bolýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanlaryň biriniň sözlerine görä, saklanan ulag eýesiniň polisiýadan tizligiň ýokary bolandygyny görkezýän delilleri soran ýa-da polisiýanyň düzen protokolyna gol çekmekden ýüz öwüren ýagdaýynda polisiýa awtoulagy jerime duralgasyna eltmek bilen haýbat atýar.

"Olar eger-de gol çekmejek bolsaň biz seniň awtoulagyňy jerime duralgasyna äkideris diýip aýtdylar, meniň bolsa aladam özüme ýeterlikli bolany sebäpli olar bilen razylaşyp gol goýdum. Awtoulagymy jerime duralgasyna salsalar, men 5-7 günläp men çagalarymyň çöregini gazanyp bilmerin" diýip, çeşme gürrüň berýär.

Azatlygyň habarçysy ýol polisiýasynyň gözegçiliginiň ozalam güýçli bolandygy sebäpli, ulag sürüjileriň aglaba köpüsiniň örän seresaply sürýändigini, köpçüligiň ýol hereketiniň düzgünlerini saklaýandygyny belledi we adamlaryň polisiýanyň hereketinden nägile bolup, muny "göz görtele talaňçylyk" diýip hasap edýändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy Marynyň polisiýasyndan resmi taýdan kommentariý alyp bilmedi. Emma Azatlyk bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan polisiýa işgärleri özlerinden plany dolmagyň talap edilýändigini gürrüň berdiler.

"Biz hiç bir hereket etmän, duran ulagdan hem bahana tapyp jerime ýazyp bilýäris. Soňky günlerde bize berilýän gündelik protokol plany artdy. Öň bir günde 5 protokol ýazmaly bolan bolsa, indi san 20 ýetdi, olardan 15 sanysy azyndan 50 manatlyk jerime bolmaly. Plany dolmasak, şol jerimeleriň puluny öz jübimizden tölemeli" diýip, maryly polisiýa wekili gürrüň berdi.

Polisiýa işgäriniň sözlerine görä, "jerime plany" ulag sürüjiler bilen çäklenmeýär. Şeýle-de olar köçäni bozup geçen pyýadalara jerime ýazmaly. Bu ýagdaýda polisiýada işleýänleriň arasynda öz islegi boýunça arza ýazyp, işden çykmaga isleg bildirýänler köpelipdir.

"Sebäbi protokol planynyň gün-günden köpelip barşyna işlär ýaly bolmady. Näçe ýygnasak-da, şol ýygnan pullarymyzy bizden ýolbaşçylar alýar" diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, şu günler gündiziň dowamynda polisiýa işgärleri para almaýar, jerimäni resmi taýdan ýazýar, emma gijelerine "ýagdaý düýbinden üýtgeýär" polisiýa işgärleri şol bir "bidüzgünçilikler üçin" puly kwitansiýasyz para görnüşinde alýarlar.

Türkmenistanyň içeri işler ministrligine degişli edaralar 6-njy aprelden bäri täze ýolbaşçy Muhammet Hydyrowyň goly astynda işleýärler. Öňki içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazowyň işden kowulmagyna goýberen kemçilikleriniň we alan berk käýinçleriniň sebäp bolandygy resmi maglumatlarda aýdylypdy. Şonda döwlet telewideniýesinde köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň bozmakda günäli diýlip, ýokary tizlikde ulag sürmekde aýyplanan 30-dan gowrak sürüji görkezildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy
Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzeledi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze içeri işler ministrini belledi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň başlygyny wezipesinden boşatdy
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy