Marylylar polisiýanyň çilim nobatyndaky zulmuna, özara raýdaşlyk bilen jogap berdiler

Marylylar polisiýanyň çilim nobatyndaky zulmuna, özara raýdaşlyk bilen jogap berdiler

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda degişlilikdäki arzan çilimiň gaýtadan peýda bolmagy bilen, çilimkeşler bilen bir hatarda, temmäki önümini soňy bilen hususy söwdegärlere has gymmada satmak maksady bilen, şol sanda aýal maşgalalar hem uzakly gün nobatda garaşýarlar.

Azatlyk 30-njy iýunda Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet dükanlarynda çilim satuwynyň gaýtadan başlanandygyny, polisiýanyň berk gözegçiligi astyndaky nobatlaryň birnäçe ýüzden birnäçe müň adama ýetýändigini habar beripdi.

Şol bir wagtda, Lebapda 50 manatlyk çilim her adam başyna 2 gutudan satylýan bolsa, Maryda bu çäk has ýokary kesgitlendi.

“Marynyň döwlet dükanlarynda adam başyna 10 guta çenli çilim satylýar. Nobatda çilimiň üstüne 10 manat öz peýdasyny goýup, ony soňy bilen hususy söwdegärlere satýanlar hem bar. Hususy dükanlarda çilimiň bahasy 80 manat” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri 30-njy iýunda giçlik habarçymyza gürrüň berdi.

Galyberse-de, Maryda döwlet dükanlarynyň öňünde goýlan polisiýa işgärleri aýal maşgalalaryň nobatlarda durmagyna rugsat bermeýärler.

“Polisiýa nobatdaky 30 ýaşlarynyň aýagyndaky bir aýal maşgalanyň üstüne gygyryp, ony ilortalaýyn masgaralap, nobatdan çykaryp kowjak boldy.Gelneje çilim çekmeýändigini, karzyna 200 manat alyp, dört guty çilimden görjek 40 manat peýdasyna kiçi ýaşly iki çagasyna iýmit satyn aljakdygyny düşündirmäge synanyşdy, polisiýadan kowmazlygyny haýyş edip ýalbardy” diýip, 30-njy iýundaky bu wakalara şaýat bolan marylylaryň biri 1-nji iýulda habarçymyza gürrüň berdi.

“Polisiýa gulak hem asjak bolmady. Gaýta, gelnejäniň üstüne has köp paýyş sözleri ulanyp gygyrdy. Nobatdaky duran erkek kişileriň biri, gelnejä çilimi özüniň satyn alyp bermegini teklip etdi. Muňa gahary gelen polisiýa işgäri, şol adamy hem nobatdan kowjak boldy” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Ol bu wakalara şaýat bolan dükan satyjysynyň hem dawa goşulandygyny gürrüň berdi.

“Dükan satyjysy eline 10 guty çilimi alyp, galmagalyň turan ýerine bardy. Ol polisiýa üns hem bermän, gutulary gelnejä kömegi teklip eden kişä berdi we pullaryny alyp dükanyna dolandy. Nobatdaky ol kişi dört gutyny gelnejä berdi” diýip, şol nobatda garaşyp duran marylylaryň biri sözüni ýetirdi.

Ol mundan soň aýal maşgalanyň hususy dükanda çilimleri gaýtadan satyp, gören peýdasyna eýýäm elleri çaga iýmitli çykandygyny belledi.

“Nobatdaky beýleki adamlar, gelnejäniň ýalan sözlemändigine göz ýetirip, oňa haýpy gelip, başardygyndan 5-10 manat toplap, pullary oňa berjek boldular. Gelneje ilki uýat edip pullary almajak bolsa-da, ildeşleri haýyş edip ony aldyrtdylar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi sözüne goşdy.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçylarymyz bu sebitde hem aýallary çilim nobatlaryndan kowmak synanyşyklarynyň edilendigini, emma nobatdaky adamlaryň polisiýa berk garşylyk görkezendiklerini bellediler.

Birnäçe ýyl ozal türkmen häkimiýetleri 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden doly azat etmek meýilnamasyny yglan etdiler. Türkmenistan 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Temmäkä garşy göreş konwensiýasyna goşulandan soň, ýurtda temmäki önümleriniň ilata elýeterliligini berk çäklendirdi.

Şol bir wagtyň özünde ýerli synçylar häkimiýetleriň temmäkä endik edinen adamlara medisina kömegini bermek üçin ýeterlik çäre görmeýändigine, şeýle hem temmäki önümleriniň söwdasyndaky korrupsiýa göz ýumýandygyna ünsi çekýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasy nähili amala aşyrylýar?
Polisiýa Maryda we Türkmenabatda çilim söwdasyna gözegçilik edýär, aýallar nobatdan çykarylýar
Resmileriň wadalaryna garamazdan, arzan çilim gaýtadan satylmaýar
Hyrydarlaryň arasynda dörän dawa-jenjelden soň, döwlet dükanlary çilim söwdasyny ýene-de bes etdi
Arzan çilim satuwa çykaryldy: Adamlar nobatlarda jan alyp, jan bermäge’ taýýar