Resmileriň wadalaryna garamazdan, arzan çilim gaýtadan satylmaýar

Resmileriň wadalaryna garamazdan, arzan çilim gaýtadan satylmaýar

Maryda mundan bir hepde ozal degişlilikde arzan hasaplanýan çilim satuwdan aýrylaly bäri, resmileriň söwdanyň ýaňadandan ýola goýuljakdygy baradaky wadalaryna garamazdan, temmäki önümleri heniz hem dükan tekjelerinde peýda bolmady.

Ýatlatsak, 6-njy fewralda, ençeme aýa çeken arakesmeden soň, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda 50-60 manatdan bahalanýan, hususy dükanlardaky nyrhlar bilen deňeşdirilende 3-4 esse arzan çilim gaýtadan satylyp başlanypdy.

“Maryda geçen hepdäniň aýagynda döwlet dükanlarynda arzan çilimiň satylmagy bes edildi. Söwdegärler we polisiýa häzir sebite ministrleriň biriniň sapar edýändigini, onuň çilimiň söwdasyny togtatmagy buýurandygyny, ol gidenden soňra, arzan çilimiň gaýtadan satylyp başlanjakdygyny aýtdylar” diýip, özüni Çary (ady üýtgedilen red.) diýip tanyşdyran, çilim almak üçin nobatda garaşanlaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

30 ýaşlarynyň aýagyndaky Çary resmileriň duýduryşyna garamazdan adamlaryň onda-da döwlet dükanlarynyň öňünde nobat tutandygyny belledi.

“Adamlar yzly-yzyna 3-4 günläp gijesi bilen döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durdular. Emma arzan çilim satylmady. Polisiýa nobatlara aýlanyp, çilimiň indi 20-nji fewraldan soňra satylyp başlanjakdygyny aýdýar. Emma munuň nä derejede hakykata gabat gelýändigi belli däl. Her kim bir zat diýýär. Ozal hem ençeme gezek ýalan wadalary beripdiler” diýip, Çary sözüne goşdy.

Bellemeli ýeri, Maryda degişlilikdäki arzan çilimiň söwdadan aýrylmagy, bu temmäki önüminiň Lebabyň döwlet dükanlaryndan hem ýitirim bolmagynyň yzýanyna gabat geldi. Ýurduň gündogar welaýatynda çilimiň söwdasynyň togtadylmagyna, ençeme ýüz adamlyk nobatlarda dawa-jenjeliň, hatda ýumruklaşma çenli baryp ýeten zorlugyň ýüze çykmagy sebäp bolupdy.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, döwlet dükanlarynda çilim ýok däl, ýöne ony satyn almak üçin adamlaryň arasynda ýüze çykan dawa-jenjel çilimiň söwdasynyň bes edilmegine getirdi.

“Diňe bir çilimkeşler däl, eýse çilim çekmeýänler hem arzan çilimiň satylyp başlanmagyna begenipdiler.Käbir adamlar uzakly gün nobatda durup, soňra çilimiň üstüne öz peýdasyny goýup, ony gaýtadan satypdylar.

Bu köpleriň bar bolan bergilerini ýeňletmäge, iň bärkisi iýere çörek satyn almaga mümkinçilik beripdi.Indi bu hem galdy” diýip, maryly Çary sözüniň üstüni ýetirdi we adamlaryň häkimiýetleriň bu hereketlerinden nägile bolýandyklaryny belledi.

Ýatlatsak, soňky gezek arzan çilim döwlet dükanlarynda geçen ýylyň oktýabrynda peýda bolup, onuň söwdasy bary-ýogy üç gün dowam edipdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmek ugrunda göreşýärler. Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

Ýurtda çilim gytçylygynyň we gymmatlamagynyň ýiti duýlup başlanmagy bilen, adamlaryň mahorka temmäki ýa-da dürli ösümlikleriň ýapraklaryny guradyp çekip başlandyklary, dükanlarda “türkmen çilimi” atlandyrylýan ýasama temmäki önümleriniň hem peýda bolandygy barada köp sanly maglumatlar gowuşýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanda arzan hasaplanýan 50-60 manatlyk, ýagny resmi alyş-çalyş kursy boýunça 14-17 dollarlyk temmäki önümleri daşary ýurtlardaky bahalar bilen deňeşdirilende hem telim esse ýokary hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Temmäki önümleriniň adam bedenine zyýanly täsiri
Marylylar polisiýanyň çilim nobatyndaky zulmuna, özara raýdaşlyk bilen jogap berdiler
Polisiýa Maryda we Türkmenabatda çilim söwdasyna gözegçilik edýär, aýallar nobatdan çykarylýar
Hyrydarlaryň arasynda dörän dawa-jenjelden soň, döwlet dükanlary çilim söwdasyny ýene-de bes etdi
Arzan çilim satuwa çykaryldy: Adamlar nobatlarda jan alyp, jan bermäge’ taýýar